Hyzmatdaşlyk
27.11.2023
5915
Türkmen-niderlandlar hyzmatdaşlygynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
2023-nji ýylyň 27-nji noýabrynda Türkmenistan Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýew Niderlandlar Patyşalygynyň täze bellenen Ilçisi (oturýan ýeri Astana ş.) Nikolaas Shermers bilen duşuşdy we ynanç hatlarynyň nusgalaryny kabul etdi. Bu barada ýurdumyzyň daşary syýasat edarasy habar berýär.
27.11.2023
5904
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde tegelek stol geçirildi
2023-nji ýylyň 27-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Gynamalara garşy konwensiýa (OPCAT) goşmaça teswirnamanyň hödürlenmegine bagyşlanan gibrid görnüşinde tegelek stol geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.
27.11.2023
4771
Alžiriň Ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy
2023-nji ýylyň 27-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Berdinyýaz Mätiýew Alžir Halk Demokratik Respublikasynyň (oturýan ýeri Ankara ş.) täze bellenilen Ilçisi Amara Belaniniň ynanç hatlarynyň nusgalaryny kabul etdi. Bu barada ýurdumyzyň daşary syýasat edarasy habar berýär.
27.11.2023
4332
Türkmenistanyň Adalatçysy ÝHHG-niň milli azlyklar boýunça Ýokary komissarynyň «tegelek stoluna» gatnaşdy
Türkmenistanyň Adalatçysynyň edarasynyň Türkmenistanda Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekili – Adalatçy Ýazdursun Gurbannazarowanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň milli azlyklar boýunça Ýokary komissarlygynyň Gaagada geçen üçünji bölümara «tegelek stoluna» gatnaşdy.
27.11.2023
3987
Türkmenistanyň wekiliýeti ÝUNIDO-nyň 20-nji mejlisine gatnaşýar
Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýrugy bilen ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary B.Annamämmedowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet BMG-niň Senagat boýunça ösüş guramasynyň Baş maslahatynyň 20-nji mejlisine gatnaşmak we gurluşyk hem senagat pudagyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmak, şeýle hem ÝUNIDO-nyň ýolbaşçylary we Wena şäher häkimligi bilen duşuşyklar geçirmek üçin Wena şäherine sapara iberildi.
25.11.2023
7148
Türkmenistan Bütindünýä durnukly ulag güni mynasybetli geçirilen çärä gatnaşdy
2023-nji ýylyň 24-nji noýabrynda BMG-niň Ženewadaky edarasynyň Bütindünýä durnukly ulag güni mynasybetli dabaraly çäre geçirildi.
25.11.2023
5966
Türkmenistanyň wekiliýeti SPEKA-nyň Sammitine gatnaşdy
2023-nji ýylyň 24-nji noýabrynda Bakuda Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasyna (SPEKA) gatnaşyjy döwletleriň we hökümetleriniň Baştutanlarynyň ilkinji Sammiti geçirildi.
24.11.2023
5758
Türkmenistan bilen Gananyň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
2023-nji ýylyň 24-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Aşgabatda sapar bilen bolýan Gana Respublikasynyň Daşary işler we sebitleýin integrasiýa ministriniň orunbasary Kwaku Ampratwum Sarpongomyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşygy boldy.
24.11.2023
4846
Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň syýahatçylyk ulgamynda hyzmatdaşlygynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
2023-nji ýylyň 24-nji noýabrynda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi A.Baýramow Ýaponiýanyň Syýahatçylyk agentlikleriniň assosiasiýasynyň (JATA) prezidenti Kuniharu Ebina bilen duşuşyk geçirdi we onuň dowamynda taraplar türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň syýahatçylyk ugry boýunça özara pikir alyşdylar.
23.11.2023
8062
Netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek — Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugry
Bitarap Türkmenistan häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň deňeçer çözgütlerini işläp düzmekde işjeň we başlangyçly orny eýelemek bilen, sebit hem-de ählumumy derejede parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine, netijeli hyzmatdaşlyga esaslanýan daşary syýasy ugry durmuşa geçirýär.