Hyzmatdaşlyk
17.01.2024
5881
Bakuda medeni, wagyz-nesihat çäreleri geçirildi
2024-nji ýylyň 16-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Azerbaýjan Respublikasyndaky Ilçihanasynyň binasynda, Türkmenistanda 2024-nji ýylyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli maslahat geçirildi. Onda beýik akyldar şahyryň umumadamzat ähmiýetli döredijiligi, doglan gününiň 300 ýyllygynyň halkara derejesinde dabaraly belleniljekdigi we çärelere ýurdumyzda alnyp barylýan taýýarlyk işleri barada belläp geçdiler
17.01.2024
6752
Rimde türkmen-italýan hyzmatdaşlygynyň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy
2024-nji ýylyň 15-nji ýanwarynda Italiýa Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň Italiýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi T.Kömekow bilen Italiýa Respublikasynyň Daşary işler we Halkara Hyzmatdaşlyk ministriniň orunbasary Edmondo Çirielliniň arasynda duşuşyk geçirildi.
17.01.2024
6095
Hindistanyň Türkmenistandaky Ilçisi diplomatik işini tamamlaýar
2024-nji ýylyň 16-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Türkmenistandaky diplomatik işini tamamlaýan Hindistan Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Widhu Pithambaran Nairyň arasynda duşuşyk geçirildi.
17.01.2024
6655
Ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysynyň orunbasary BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasynyň sebit merkeziniň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
2024-nji ýylyň 16-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasynyň sebit merkeziniň (UNRCCA) ýolbaşçysy Kaha Imnadze bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.
16.01.2024
6531
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde durmuş hyzmatlarynyň ulgamyny kämilleşdirmek boýunça meseleler maslahatlaşyldy
2024-nji ýylyň 15-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde “Türkmenistanda 2024-2028-nji ýyllarda durmuş hyzmatlar ulgamyny kämilleşdirmegiň Milli maksatnamasynyň” taslamasyny maslahatlaşmak boýunça duşuşyk geçirildi.
16.01.2024
7683
GDA agza ýurtlaryň ilatynyň zähmet, iş üpjünçiligi we sosial taýdan goragy boýunça Maslahat beriji geňeşiň nobatdaky mejlisi Aşgabatda geçiriler
Şu ýylyň ikinji ýarymynda Aşgabatda GDA agza döwletleriň zähmet, iş üpjünçiligi we sosial taýdan goragy boýunça Maslahat beriji geňeşiniň 37-nji mejlisini geçirmek meýilleşdirilýär. Türkmenistan Arkalaşygyň bu gurluşynyň bir bölegi bolmak bilen, onuň işine işjeň gatnaşýar.
15.01.2024
5957
Türkmenistan — BMG: Ählumumy howany goramak ulgamynda hyzmatdaşlyk
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 2023-nji ýylyň ahyrynda Dubaýda geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahatynda (COP28) eden çykyşyndaky howanyň üýtgemegi hem-de ekologik howpsuzlyk baradaky milli garaýyşlaryň beýany BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň resminamasy hökmünde BMG-niň alty resmi dilinde neşir edildi we ýaýradyldy.
15.01.2024
7397
Türkmenistanyň Baş konsulynyň Stambulyň Gubernatory bilen duşuşygy
2024-nji ýylyň 15-nji ýanwarynda Stambulyň welaýat häkimliginiň binasynda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Baş konsuly Muhammetnur Öwezow bilen Stambulyň Gubernatory Dawut Güliň arasynda duşuşyk geçirildi.
15.01.2024
6160
Türkmenistan «bir Hytaý» ýörelgesini berk goldaýar
Halkara derejesinde hemişelik bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolan Türkmenistan daşary syýasatyny halkara hukugyna laýyklykda alyp barýar.
13.01.2024
6446
BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Türkmenistanyň Hemişelik wekilhanasynyň ýolbaşçysy öz ynanç hatlaryny gowşurdy
2024-nji ýylyň 11-nji ýanwarynda Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Hemişelik wekili Wepa Hajiýew BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýolbaşçysy Tatýana Walowaýa öz ynanç hatlaryny gowşurdy.