mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Hyzmatdaşlyk

news-photo

16.06.2023

total-veiw

5116

Türkmenistan we Päkistan bilelikdäki taslamalarynyň durmuşa geçirilişi barada maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň Päkistandaky Ilçihanasynda Päkistanyň Premýer-ministriniň Söwda we senagat boýunça utgaşdyryjysy Rana Ihsan Afzal Han we onuň ýany bilen gelen işewürler wekiliýet bilen Türkmenistanyň ilçisi A.Möwlamowyň arasynda duşuşyk geçirildi.

news-photo

15.06.2023

total-veiw

5241

Türkmen-täjik hyzmatdaşlygynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow ýurdumyzdaky diplomatik işini tamamlaýan Täjigistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Farruh Homiddin Şerifzoda bilen duşuşdy.

news-photo

13.06.2023

total-veiw

5201

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alyp maslahatlaşdy

2023-nji ýylyň 13-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow ÝUNESKO-nyň Tährandaky Klaster edarasynyň direktory, ÝUNESKO-nyň Türkmenistandaky we Eýrandaky wekili Golda El Huri bilen duşuşdy.

news-photo

13.06.2023

total-veiw

4229

ÝHHG-niň milli azlyklaryň işleri boýunça Ýokary komissary bilen duşuşyk

Şu gün, 2023-nji ýylyň 13-nji iýunynda, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabat şäherine gelen ÝHHG-niň milli azlyklaryň işleri boýunça Ýokary komissary Kaýrat Abdrahmanow bilen gepleşikleri geçirdi.

news-photo

12.06.2023

total-veiw

5570

Türkmenistan — ÝHHG: netijeli hyzmatdaşlyk ösdürilýär

Şu gün Türkmenistanyň Mejlisinde Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Milli azlyklaryň işi boýunça Ýokary komissary Kaýrat Abdrahmanowyň ýolbaşçylygynda ýurdumyza gelen wekiliýetiň agzalary bilen duşuşyk geçirildi.

news-photo

12.06.2023

total-veiw

4084

ÝUNESKO-nyň işleri barada milli toparyň mejlisi

Şu gün Daşary işler ministrliginde BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa ýurdumyzyň ugurdaş ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, degişli halkara guramalaryň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

news-photo

09.06.2023

total-veiw

4195

Türkmenistan we BMG hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmak ugruny tassyklaýarlar

2023-nji ýylyň 8-njy iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň BMG-nyň Türkmenistandaky agentlikleriniň hem-de bu guramanyň sebitleýin düzümleriniň ýolbaşçylary bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi. Bu barada ýurdumyzyň daşary syýasat edarasy habar berýär.

news-photo

08.06.2023

total-veiw

4484

Türkmenistan we IAEA hyzmatdaşlygy berkitmek üçin geljekki ädimleri ara alyp maslahatlaşdylar

2023-nji ýylyň 7-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň (IAEA) Türkmenistan üçin Çarçuwaly maksatnamasyny taýýarlamak boýunça mejlis geçirildi, oňa ministrlikleriň we pudak edaralaryň ýolbaşçylary hem-de IAEA-nyň ýolbaşçy wekilleri gatnaşdy. Bu barada ýurdumyzyň daşary syýasat edarasy habar berýär.

news-photo

07.06.2023

total-veiw

4748

Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň ýanyndaky hemişelik wekili Medeni taýdan özüňi görkezmegiň Konwensiýanyň agzalarynyň maslahatyna gatnaşdy

2023-nji ýylyň 6-njy iýunynda Ilçi, Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň ýanyndaky hemişelik wekili Maksat Çaryýew Pariž şäherinde ÝUNESKO-nyň Baş edarasynda geçýän «Medeni taýdan özüňi görkezmegiň dürlüligini goramak we höweslendirmek hakyndaky Konwensiýa» agza-döwletleriň dokuzynjy maslahatyna gatnaşdy.

news-photo

07.06.2023

total-veiw

6840

Tbilisi şäherinde Türkmenistanyň we Gruziýanyň işewür toparlarynyň wekilleriniň duşuşyklary geçirildi

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gruzin toparynyň çäginde 2023-nji ýylyň 6-njy iýunynda Tbiliside iki ýurduň telekeçileriniň, şeýle hem Türkmenistan we Gruziýanyň Söwda-senagat edaralarynyň wekilleriniň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirildi. 

...439