Hyzmatdaşlyk
10.02.2023
5484
Türkmenistanyň wekiliýeti Merkezi Aziýa döwletleriniň birinji Parlamentara forumyna gatnaşdy
2023-nji ýylyň 9-10-njy fewralynda Gazagystan Respublikasynyň Türkestan şäherinde Merkezi Aziýa döwletleriniň birinji Parlamentara forumy geçirildi. Bu forumyň işine Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň Orunbasary Gurbanmyrat Aşyrowyň ýolbaşçylyk etmeginde türkmen wekiliýeti gatnaşdy. Bu barada ýurdumyzyň daşary syýasat edarasy habar berýär.
09.02.2023
6517
Türkmenistanyň DIM-nde BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy bilen duşuşyk geçirildi
2023-nji ýylyň 9-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko bilen duşuşdy. Bu barada Türmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berilýär.
09.02.2023
7521
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary ABŞ-niň Ilçisi bilen duşuşyk geçirdi
2023-nji ýylyň 9-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Metýu Klimou bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň Metbugat gullugy habar berýär.
07.02.2023
6980
Türkmenistan Türkiýäniň doganlyk halkyna ynsanperwerlik kömegini iberdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy bilen, Türkiýe Respublikasynda bolan güýçli ýertitremäniň netijesinde ejir çeken dostlukly döwletiň doganlyk halkyna ynsanperwerlik kömegi ugradyldy. Ynsanperwerlik ýüki derman hem-de saglygy goraýyş maksatly serişdelerden we dokma önümlerinden ybaratdyr. Şeýle-de Türkiýä lukmanlar ugradyldy. Olar ejir çekenlere kömek berýän kärdeşlerine zerur bolan ýardamy bererler.
07.02.2023
6912
Hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmak ugrunda
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda goňşy ýurtlar bilen ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmek boýunça syýasat üstünlikli dowam etdirilýär. Döwlet Baştutanymyzyň ýakynda gol çeken Buýrugyna laýyklykda, Türkmenistandan Özbegistan Respublikasyna degişli möçberde suwuklandyrylan gazyň muzdsuz ugradylmagy munuň subutnamasydyr.
06.02.2023
7745
ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň mejlisi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Daşary işler ministrliginde BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, ugurdaş ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.
06.02.2023
5945
Türkmenistanyň Daşary işler Ministri Eýranyň Daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşugy geçirildi
2023-nji ýylyň 6-njy fewralynda Türkmenistanyň daşary syýasy edarasynyň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler Ministri Raşid Meredowyň Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministriniň konsullyk, mejlis we eýranlylaryň işleri boýunça orunbasary Alireza Bikdeli bilen duşuşugy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.
03.02.2023
5228
Pudagara toparyň mejlisi
Şu gün Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň adam hukuklary we halkara ynsanperwer hukugy babatda halkara borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa ýurdumyzyň Mejlisiniň, birnäçe ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.
01.02.2023
4359
DIM-de Hazar deňziniň meseleleri boýunça Türkmenistanyň hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi
2023-nji ýylyň 1-nji fewralynda Daşary işler ministrliginde Hazar deňziniň meseleleri boýunça Türkmenistanyň hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Bu barada ýurdumyzyň daşary syýasat edarasy habar berýär.
30.01.2023
5572
Türkmen-rus parlamentara hyzmatdaşlygynyň geljegi maslahatlaşyldy
Şu gün paýtagtymyzda iki ýurduň wekiliýet agzalarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowanyň we Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynyň Başlygy W.Wolodiniň arasynda duşuşyk geçirildi.