Hyzmatdaşlyk
30.01.2023
6611
Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Ilçisi Ynanç hatyny gowşurdy
2023-nji ýylyň 26-njy ýanwarynda «Ýonsan» köşgüniň binasynda Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýolyň Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Begenç Durdyýew bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda türkmen diplomaty Koreýa Respublikasynyň Prezidentine özüniň ynanç hatyny gowşurdy.
29.01.2023
7127
Türkmenistanyň DIM-nde türkmen-german syýasy geňeşmeleri geçirildi
2023-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde nobatdaky türkmen-german syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ýurdumyzyň daşary syýasat edarasy habar berýär.
25.01.2023
5179
Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy YHG-niň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisine gatnaşdy
2023-nji ýylyň 24-nji ýanwarynda Daşkende, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasyna (YHG) agza ýurtlaryň Daşary işler ministrleri Geňeşiniň (CMFA) 26-njy mejlisine gatnaşdy. Bu barada ýurdumyzyň daşary syýasat edarasy habar berýär.
18.01.2023
5965
Aşgabatda türkmen-fransuz syýasy maslahatlary geçirildi
2023-nji ýylyň 16-17-nji ýanwarynda Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Fransiýa Respublikasynyň Ýewropa we Daşary işler ministrliginiň arasyndaky syýasy geňeşmeleriň nobatdaky tapgyry geçirildi.
17.01.2023
6687
Türkmenistanyň we BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy
2023-nji ýylyň 16-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň (UNEP) Ýerine ýetiriji direktory Inger Andersen bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.
10.01.2023
7691
Türkmenistanyň Daşary işler ministri Eýranyň Daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşdy
2023-nji ýylyň 9-njy ýanwarynda Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Eýranyň Daşary işler ministriniň ykdysady diplomatiýa boýunça orunbasary Mahdi Safari bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.
10.01.2023
6162
«Dialog – parahatçylygyň kepili» atly halkara maslahatynyň Jemleýji resminamasy BMG-niň BA-nyň 77-nji sessiýasynyň resminamasy hökmünde kabul edildi
Aşgabat halkara hepdeliginiň çäginde 2022-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Aşgabatda geçirilen «Dialog – parahatçylygyň kepili» atly halkara maslahatynyň Jemleýji resminamasy «Parahatçylyk medeniýeti» gün tertibiniň 14-nji bendine laýyklykda BMG Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň resminamasy hökmünde BMG-nyň alty resmi dilinde neşir edildi (A/77/651).
09.01.2023
7677
Gaz hyzmatdaşlygy Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky giňişleýin strategik hyzmatdaşlygyň iň möhüm ugrudyr
Türkmenistan bilen Hytaý strategik milli bähbitleriň biri-biriniň üstüni ýetirmeklige esaslanýan gaz pudagynda özara peýdaly hyzmatdaşlygyň nusgasyny görkezýärler.
07.01.2023
5564
Türkmenistan metbugat pudagynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirýär
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Hytaý Halk Respublikasynyň (HHR) Başlygy Si Szinpiniň arasynda geçirilen gepleşikleriň netijeleri boýunça Pekinde gol çekilen ikitaraplaýyn resminamalar toplumynda maglumat pudagynda özara hyzmatdaşlyk barada birbada üç resminama bar.
06.01.2023
5412
Türkmenistanyň Prezidenti bilen HHR-iň Başlygynyň arasyndaky gepleşikleriniň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi
Pekinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň arasyndaky gepleşikleriniň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi.