Hyzmatdaşlyk
27.07.2022
7289
Daşkentde “Owganystan: howpsuzlyk we ykdysady ösüş” atly halkara maslahat geçirildi
2022-nji ýylyň 26-njy iýulynda Daşkentde “Owganystan: howpsuzlyk we ykdysady ösüş” atly halkara maslahat geçirildi. Forumyň işine resmi wekiliýetler, alymlar we ylmy barlagçylar, Owganystanyň goňşy ýurtlarynyň, şol sanda Merkezi Aziýanyň ähli ýurtlarynyň, Russiýanyň, ABŞ-nyň, Eýranyň, Pakistanyň, Hindistanyň we Belgiýanyň öňdebaryjy seljeriş merkezleriniň ýolbaşçylary we bilermenleri, sebit we halkara guramalaryň, şol sanda BMG-niň, ÝB-niň, YHG-nyň, ŞHG-nyň ýolbaşçylary we hünärmenleri hem-de Owganystanyň wagtlaýyn Hökümetiniň wekiliýeti gatnaşdylar.
25.07.2022
8902
ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň mejlisi
Şu gün Daşary işler ministrliginde BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi.
22.07.2022
6437
Türkmenistan BMG-de parahatçylykdörediji başlangyçlaryň birnäçesini taýýarlaýar
Türkmenistan BMG-de döwletara gatnaşyklarda ynanyşmagy ýokarlandyrmaga gönükdirilen parahatçylykdörediji başlangyçlaryň birnäçesini taýýarlaýar. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gyrgyzystan Respublikasynyň Çolpon-Ata şäherinde geçirilen Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň 4-nji konsultatiw duşuşygynda aýtdy.
22.07.2022
5595
Türkmenistan howpsuzlyk ulgamynda täze teklipleri öňe sürdi
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygynda howpsuzlygyň berk we uzak möhletli ulgamyny döretmek, bolup biläýjek, öňe gitmäge päsgel berip ýa-da bökdäp biläýjek howplary aradan aýyrmak boýunça netijeli çäreleriň görülmegine gönükdirilen täze oňyn başlangyçlar bilen çykyş etdi.
22.07.2022
8500
Türkmenistan Daşkentde Owganystan boýunça Halkara maslahatynyň geçirilmegini goldaýar
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygyndaky çykyşynda sebit we ählumumy howpsuzlygyny üpjün etmegiň dürli ugurlaryny beýan edip, owgan ugrunda bilelikde işlemegiň Merkezi Aziýa ýurtlary üçin sebitleýin howpsuzlyk ulgamynda hyzmatdaşlygyň möhüm bölegi bolup durýandygyny aýtdy.
18.07.2022
9620
Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş
Şu gün paýtagtymyzda Ýewraziýada üstaşyr ulag hyzmatdaşlygyny diwersifikasiýalaşdyrmaga bagyşlanan “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş” atly iki günlük halkara maslahat öz işine başlady.
15.07.2022
6955
Türkmenistanyň DIM-de BMG-niň Syýasy we parahatçylyk gurluşyk meseleleri boýunça departamentiniň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi
2022-nji ýylyň 15-nji iýulynda Türkmenistanyň DIM-niň binasynda Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýewiň BMG-niň Syýasy we parahatçylyk gurluşyk meseleleri boýunça departamentiniň wekili Swetlana Galkina bilen duşuşygy geçirildi.
13.07.2022
7716
Türkmenistanyň Daşary işler ministri bilen BAE-niň Energetika we infrastruktura ministri Suhaýl Al Mazruinyň arasynda duşuşyk geçirildi
2022-nji ýylyň 13-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň Energetika we infrastruktura ministri Suhaýl Al Mazruinyň arasynda duşuşyk geçirildi.
13.07.2022
4593
Hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-hytaý komitetiniň howpsuzlyk meseleleri boýunça kiçi komitetiniň 8-nji mejlisi geçirildi
2022-nji ýylyň 12-nji iýulynda wideoaragatnaşyk arkaly iki ýurduň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň başlyklyk etmeklerinde Hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-hytaý komitetiniň howpsuzlyk ulgamynda hyzmatdaşlyk boýunça kiçi komitetiniň 8-nji mejlisi geçirildi.
13.07.2022
5609
Daşkentde Türkmenistanyň we Özbegistanyň bilermenleriniň gatnaşmagyndaky halkara maslahat geçirildi
12-nji iýulda Özbegistanyň paýtagtynda «Özbegistan we Türkmenistan. Hyzmatdaşlygyň täze taryhy döwründe ösüş mümkinçiligi» tema boýunça halkara maslahat geçirildi.