Hyzmatdaşlyk
24.05.2026
2688
Türkmenistanyň Ilçisi ABŞ-nyň Prezidentine ynanç hatyny gowşurdy
2026-njy ýylyň 21-nji maýynda Ak tamda Türkmenistanyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Esen Aýdogdyýew Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampa ynanç hatyny gowşurdy.
23.05.2026
2460
BMG-niň Baş Assambleýasynyň «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüş işini goldamakda hem-de berkitmekde bitaraplyk syýasatynyň orny we ähmiýeti» atly Kararnamasyna bagyşlanan maslahat
2026-njy ýylyň 23-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüş işini goldamakda hem-de berkitmekde bitaraplyk syýasatynyň orny we ähmiýeti» atly Kararnamasyna bagyşlanan maslahat geçirildi.
23.05.2026
1038
Türkmenistan Bütindünýä Söwda Guramasyna agza bolmak ugrunda ädimlerini işjeňleşdirýär
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlisiň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Bütindünýä Söwda Guramasy (BSG) bilen alyp barýan hyzmatdaşlygy barada hasabat berdi hem-de birnäçe täze teklipleri hödürledi.
22.05.2026
2834
Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň mejlislerine gatnaşdy
2026-njy ýylyň 21-22-nji maýynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowanyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň mejlisine hem-de GDA agza döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň 60-njy plenar mejlisine gatnaşmak maksady bilen Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherinde saparda boldy.
22.05.2026
2381
Türkmenistanyň Türkiýedäki Ilçihanasy we SHOM jemgyýetçilik birleşigi bilen halkara hyzmatdaşlykda zenanlaryň ornuna bagyşlanan dabaraly çäre geçirdiler
2026-njy ýylyň 22-nji maýynda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasynyň binasynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň çäklerinde dabaraly çäre geçirildi.
22.05.2026
3426
BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Kararnama kabul edildi
2026-njy ýylyň 20-nji maýynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 82-nji plenar mejlisiniň dowamynda «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüş işini goldamakda hem-de berkitmekde bitaraplyk syýasatynyň orny we ähmiýeti» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi.
21.05.2026
2684
Türkmen-ýapon Parlamentara gatnaşyklaryny ösdürmegiň möhüm ugurlary ara-alnyp maslahatlaşyldy
2026-njy ýylyň 21-nji maýynda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi A.Baýramowyň Ýaponiýanyň Parlamentiniň Wekiller palatasynyň Spikeri Eisuke Mori bilen duşuşygy geçirildi.
21.05.2026
2337
Aşgabatda Türkmenistan bilen Belarus Respublikasynyň arasynda DIM-ara geňeşmeleri geçirildi
2026-njy ýylyň 21-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistan bilen Belarus Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda geňeşmeler geçirildi.
21.05.2026
2314
Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Belarus Respublikasynyň daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşdy
2026-njy ýylyň 21-nji maýynda Türkmenistanyň DIM-inde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Belarus Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Pawel Utýupiniň arasynda duşuşyk geçirildi.
21.05.2026
2138
Türkmenistanyň Rumyniýadaky Ilçisi Rumyniýanyň Daşary işler ministri bilen duşuşdy
2026-njy ýylyň 20-nji maýynda Türkmenistanyň Rumyniýadaky Ilçisi A. Annaýew Rumyniýanyň Daşary işler ministri hanym Oana-Silwiýa Tsoýu bilen duşuşdy.