Hyzmatdaşlyk
14.08.2021
5985
Türkmenistan bilen Gazagystan Awazada gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişini ara alyp maslahatlaşdy
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary we Daşary işler ministri Raşid Meredow Gazagystan Respublikasynyň premýer-ministriň orunbasary we Daşary işler ministri Muhtar Tleuberdi bilen telefon arkaly gepleşik geçirdi.
12.08.2021
4901
Türkmenistanyň wekiliýeti Owganystan barada Katarda geçiriljek gepleşiklere gatnaşýar
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajyýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti Owganystan Yslam Respublikasy bilen “Talyban” hereketiniň arasynda geçirilýän parahatlyk baradaky gepleşiklere ýardam etmek boýunça halkara duşuşyga gatnaşýar.
11.08.2021
3487
BMG-nyň Türkmenistandaky täze Hemişelik utgaşdyryjysy ýurduň DIM-inde gepleşikler geçirdi
Wise-premýer, Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy Reşit Meredow Aşgabada gelen BMG-niň Türkmenistandaky täze Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenkony kabul etdi.
09.08.2021
5252
Türkmenistanyň ÝHHG bilen häzirkizaman wehimleri boýunça hyzmatdaşlygy
Türkmenistanyň Hökümteiniň we ÝHHG gatnaşmagynda hem guramagynda möhüm häzirkizaman wehimleri we jemgyýetçilik ugurlary boýunça halkara seminarlarynyň we tegelek stollarynyň tapgyry geçirildi.
06.08.2021
4210
Hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň mejlisi
Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi.
06.08.2021
3210
Hökümetara türkmen-gyrgyz toparynyň mejlisi
Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gyrgyz toparynyň mejlisi geçirildi. Oňa iki dostlukly döwletiň esasy ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
05.08.2021
4901
Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlary konsultatiw duşuşyga gatnaşmak üçin ýurdumyza geldiler
6-njy awgustda Türkmenistanda, Hazaryň kenarynda ýerleşýän «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy geçirilýär. Ol köpugurly sebit hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmäge, ony häzirki döwrüň talaplaryna hem-de bar bolan mümkinçiliklerine laýyk gelýän täze belentliklere çykarmaga gönükdirilendir.
03.08.2021
4454
Türkmenistan we Özbegistan Merkezi Aziýa liderleriniň sammitiniň öňüsyrasynda
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow iş sapary bilen Aşgabada gelen Özbegistanyň premýer-ministriniň orunbasary, ýurduň Maýa goýumlary we Daşary söwda ministri Sardor Umurzakow bilen gepleşik geçirdi.
29.07.2021
3834
Duşanbede türkmen-täjik hyzmatdaşlygynyň ösüşi ara alnyp maslahatlaşyldy
Duşanbede Söwda-ykdysady, ylmy we tehniki hyzmatdaşlyk boýunça Türkmenistan – Täjigistan hökümetara bilelikdäki komissiýasynyň onunjy mejlisi bolup geçdi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär. Komissiýanyň türkmen tarapyna Maliýe we ykdysadyýet ministri Muhammetgeldi Serdarow, Täjigistan tarapyna bolsa Energetika we suw serişdeleri ministri Juma Daler Şofakir ýolbaşçylyk etdi.
25.07.2021
7099
Türkmen wekiliýeti Tokioda möhüm duşuşyklary geçirdi hem-de Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Buýrugyna laýyklykda, XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynyň resmi açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin Ýaponiýanyň paýtagty Tokio şäherine iberilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň amala aşyran saparynyň çäklerinde döwletara hyzmatdaşlygynyň meselelerini ara alyp maslahatlaşmak boýunça ikitaraplaýyn möhüm duşuşyklaryň birnäçesi geçirildi.