Ï Aşgabatda medeni çäreler: sergiler, konsertler we teatr oýunlary
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aşgabatda medeni çäreler: sergiler, konsertler we teatr oýunlary

view-icon 59
Aşgabatda medeni çäreler: sergiler, konsertler we teatr oýunlary

Ýakyn günlerde paýtagtymyzyň ýaşaýjylaryna we myhmanlaryna sungat sergilerinden, simfoniki saz konsertlerinden başlap, paýtagtymyzyň teatrlarynda görkezilýän sahna oýunlaryna çenli dürli medeni çärelerden ybarat baý maksatnama garaşýar.

15-nji oktýabrda Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde Hoşgeldi Hallyýewiç Şahberdiýewiň eserleriniň şahsy sergisi açyldy. Gysga, emma manyly ömür ýoluny geçen görnükli suratkeş özünden soň köp sanly özboluşly suratlary, natýurmortlary we grafiki eserleri miras galdyrdy. Muzeýiň ikinji gatynda ýaýbaňlandyrylan sergide ussadyň iň gowy eserleri görkezilýär.

17-nji oktýabrda sagat 19:00-da Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde «Wena sahypalary» atly konsert geçiriler. Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygynda ýerine ýetirmeginde Motsartyň, Bethoweniň, Ştrausyň, Legaryň we Zuppeniň eserleri ýaňlanar.

19-njy oktýabrda sagat 19:00-da Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda «MAMA NATURE» («Ene tebigat») atly halkara çeperçilik sergisiniň açylyş dabarasy bolar. Medeniýet we ekologiýa ugurlaryny özünde birleşdirýän bu bilelikdäki taslama Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de Azerbaýjanyň Geýdar Aliýew adyndaky gaznasy tarapyndan Azerbaýjan Respublikasynyň ilçihanasynyň ýardam bermeginde guraldy.

Paýtagtymyzyň teatrlary hem medeni dynç alyşyňyzy mazmunly geçirmek we repertuardaky sahna oýunlaryna tomaşa etmek üçin çagyrýar.

Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatry:

17.10.2026: «Wah, siz aýallar» – 19:00;

18.10.2026: «Saňa ýalan, maňa çyn» – 19:00.

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatry:

17.10.2026: «Dil tapyşanlar» atly täze sahna oýnunyň ilkinji görkezilişi – 19:00;

18.10.2026: «Dil tapyşanlar» atly täze sahna oýnunyň ilkinji görkezilişi – 19:00.

Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatry:

16.10.2026: «Näzli Dildarym» – 19:00;

17.10.2026: «Hak aşyklar» – 19:00;

18.10.2026: «Mähriban didiler» – 19:00.

A.S.Pușkin adyndaky döwlet rus drama teatry:

17.10.2026: «Маша и Медведь» – 12:00;

17.10.2026: «Сёстры» – 19:00;

18.10.2026: «Колобок» – 11:00 we 13:00;

18.10.2026: «Осенний вальс» – 19:00.

Türkmen döwlet gurjak teatry:

17.10.2026: «Bir towşanjyk bar eken» – 17:00;

17.10.2026: «Jüýteniň toýy» – 19:00;

18.10.2026: «Maşa we aýy» – 12:00 we 17:00;

18.10.2026: «Wah bu söýgidä» – 19:00.

Teatrlaryň maksatnamasyna üýtgetmeler girizilip bilner. Spektakla gitmezden öň teatrlaryň kassalaryndan häzirki hereket edýän tomaşa tertibini anyklamak maslahat berilýär.