Hyzmatdaşlyk
11.03.2026
3669
«Zenan diplomatlaryň jemgyýetdäki orny we olaryň ýeten sepgitleri» atly interaktiw dialog geçirildi
2026-njy ýylyň 10-njy martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Merkezi Aziýanyň ýaş diplomatlary we döwlet gullukçylary üçin ikinji okuw maslahatynyň çäklerinde «Zenan diplomatlaryň jemgyýetdäki orny we olaryň ýeten sepgitleri» atly interaktiw dialog geçirildi.
10.03.2026
3900
Türkmenistanyň Ilçisi Portugaliýanyň Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabaralara gatnaşdy
2026-njy ýylyň 9-njy martynda Lissabon şäherindäki Respublika Assambleýasynyň binasynda Portugaliýa Respublikasynyň täze saýlanan Prezidenti Antoniu Žoze Seguronyň wezipesine girişmegi mynasybetli dabaralar geçirildi.
09.03.2026
4383
Aşgabatda Yrak Respublikasynyň Ilçihanasy öz işine başlady
2026-njy ýylyň 9-njy martynda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary S.Muhammetdurdyýewiň Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Jassim Mohammed Al-Attar bilen duşuşygy geçirildi.
07.03.2026
11412
Türkmenistanyň we Azerbaýjan Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda telefon arkaly gepleşik geçirildi
2026-njy ýylyň 7-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Daşary işler ministri Jeýhun Baýramowyň arasynda telefon arkaly gepleşik geçirildi.
06.03.2026
4870
Täjigistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasaryny kabul etdi
2026-njy ýylyň 4-nji martynda Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-täjik hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin Duşenbe şäherine gelen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Taňryguly Atahallyýewi kabul etdi.
06.03.2026
4538
Türkmenistanyň wekiliýeti Tokio şäherinde geçirilen «Salgyt we ösüş» atly mejlise gatnaşdy
2026-njy ýylyň 2-3-nji marty aralygynda Tokio şäherinde Bütindünýä banky, Halkara pul gaznasy, Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasy hem-de Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan döredilen bilelikdäki başlangyç – «Salgyt boýunça hyzmatdaşlyk platformasynyň» çäklerinde «Salgyt we ösüş» atly mejlis geçirildi.
05.03.2026
4137
Bişkekde 2026-njy ýylyň şygaryna bagyşlanan çäre geçirildi
2026-njy ýylyň 4-nji martynda Bişkekde 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilmegi mynasybetli Gyrgyz Respublikasyndaky Türkmenistanyň Ilçihanasy Gyrgyz-Türk “Manas” uniwersitetinde düşündiriş häsiýetli umumy sapagy geçirdi. Çärä uniwersitetiň professor-mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.
05.03.2026
4171
Türkmenistanyň Ilçisiniň Bolgariýa Respublikasyna sapary
2026-njy ýylyň mart aýynyň başynda Türkmenistanyň Bolgariýa Respublikasyndaky (oturýan ýeri Moskwa ş.) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Esen Aýdogdyýew Bolgariýanyň milli baýramy – Azat ediş güni mynasybetli geçirilen çärelere gatnaşmak maksady bilen Sofiýa şäherinde saparda boldy.
04.03.2026
3749
Türkmenistanyň DIM-de Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşyk
2026-njy ýylyň 4-nji martynda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministriniň köpçülikleýin diplomatiýa boýunça orunbasary Lim Sang-Wu bilen duşuşygy geçirildi.
04.03.2026
3668
Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri üçin maglumat
Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Ýakyn Gündogar sebitindäki häzirki ýagdaý bilen baglylykda, ynsanperwerlik we özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanyp, şeýle hem halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmäge berk ygrarly bolup, daşary ýurt raýatlarynyň, awtoulaglaryň we demir ýol ulaglarynyň hereket edýän düzüminiň türkmen-eýran serhedinden geçmegi üçin ähli zerur şertleri doly üpjün edýändigini habar berýär.