Hyzmatdaşlyk
23.01.2026
4585
Ankaranyň Söwda-senagat palatasynda duşuşyk geçirildi
2026-njy ýylyň 22-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçisi Mekan Işangulyýew Ankara Söwda-senagat palatasynyň Başlygy Gürsel Baran bilen duşuşyk geçirdi.
23.01.2026
4354
Gruziýanyň Parlamentinde duşuşyk: parlamentara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary
2026-njy ýylyň 23-nji ýanwarynda Gruziýanyň Parlamentinde Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçisi D.Seýitmämmedow bilen Gruziýanyň Parlamentiniň kada-kanunçylyk baradaky komitetiniň, gruzin-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy jenap D.Matikaşwiliniň arasynda duşuşyk geçirildi.
23.01.2026
4438
Türkmenistan GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň ýanyndaky Ykdysady meseleler boýunça toparynda başlyklygy kabul etdi
2026-njy ýylyň 22-nji ýanwarynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) Ýerine ýetiriji komitetiniň Moskwa şäherindäki edarasynda Türkmenistanyň Arkalaşykda başlyklyk etmeginiň çäklerindäki ilkinji çäre – GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň ýanyndaky Ykdysady meseleler boýunça toparynyň mejlisi geçirildi.
23.01.2026
4795
Moskwa şäherinde «Merkezi Aziýa – Russiýa» formatyndaky geňeşmeler geçirildi
2026-njy ýylyň 22-nji ýanwarynda Russiýa Federasiýasynyň DIM-de «Merkezi Aziýa – Russiýa» formatynyň 2025–2027-nji ýyllar üçin bilelikdäki hereketleriň meýilnamasyny durmuşa geçirmek boýunça bu formatyň ýokary derejeli geňeşmeleri geçirildi.
23.01.2026
3522
Atçylyk sporty ulgamynda hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
2026-njy ýylyň 22-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Muhammetgeldi Aýazow bilen Saud Atçylyk Federasiýasynyň Ýerine ýetiriji başlygy Fuad bin Fahad Ibrahimiň arasynda duşuşyk geçirildi.
23.01.2026
3990
Ankarada 2026-njy ýylyň şygaryna bagyşlanan maslahat geçirildi
2026-njy ýylyň 22-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan Ankarada 2026-njy ýylyň şygaryna - «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany», şeýle-de Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň mümkinçiliklerine bagyşlanan maslahat geçirildi.
22.01.2026
4387
Türkmenistanyň we ESKATO bilen hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy
2026-njy ýylyň 22-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen BMG-niň Aziýa we Ýuwaş umman sebiti boýunça ykdysady we durmuş komissiýasynyň (UNESCAP) Ýerine ýetiriji sekretarynyň orunbasary Şombi Şarpyň arasynda duşuşyk geçirildi.
22.01.2026
3769
BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň (UNECE) Ýerine ýetiriji sekretarynyň orunbasary bilen duşuşyk geçirildi
2026-njy ýylyň 22-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň (UNECE) Ýerine ýetiriji sekretarynyň orunbasary Dmitriý Marýasiniň arasynda duşuşyk geçirildi. Myhman şu ýylyň 20 – 23-nji ýanwary aralygynda geçirilýän ýokary derejedäki SPECA hepdeliginiň çärelerine gatnaşmak üçin Aşgabada geldi.
22.01.2026
3570
Türkmenistanyň Sloweniýadaky Ilçisi diplomatik korpus üçin guralan täze ýyl kabul edişligine gatnaşdy
2026-njy ýylyň 19-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Sloweniýa Respublikasyndaky (oturýan ýeri Moskwa ş.) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Esen Aýdogdyýew Sloweniýa Respublikasynyň Prezidenti Nataşa Pirs-Musaryň hem-de Premýer-ministr Robert Golobyň adyndan Sloweniýada akkreditirlenen diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary üçin Täze ýyl mynasybetli guralan kabul edişlige gatnaşdy.
22.01.2026
3141
Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi Tokio şäherinde Ýapon-türkmen ykdysady hyzmatdaşlyk komitetiniň başlygy bilen duşuşdy
2026-njy ýylyň 21-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi A.Baýramow Tokioda Ýapon-türkmen ykdysady hyzmatdaşlyk komitetiniň başlygy Hiroýuki Subaý bilen duşuşdy.