Hyzmatdaşlyk
12.02.2025
4507
Türkmenistanyň DIM-de Atom energiýasy boýunça halkara agentligi (IAEA) bilen hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
2025-nji ýylyň 11-nji fewralynda Türkmenistanyň DIM-de Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň (IAEA) Tehniki hyzmatdaşlyk departamentiniň Ýewropa bölüminiň direktory Ewe-Kýulli Kalanyň arasynda duşuşyk geçirildi.
11.02.2025
4302
«Hazar deňzi – Gara deňiz» halkara üstaşyr we ulag geçelgesi boýunça iş duşuşygy geçirildi
2025-nji ýylyň 10-njy fewralynda «Hazar deňzi – Gara deňiz» halkara üstaşyr we ulag geçelgesini döretmek we durmuşa geçirmek hakynda hökümetara Ylalaşygyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak boýunça sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly dörttaraplaýyn iş duşuşygy geçirildi.
11.02.2025
3093
Türkmenistanyň DIM-de türkmen-awstriýa syýasy geňeşmeleri geçirildi
2025-nji ýylyň 11-nji fewralynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň we Awstriýa Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi.
10.02.2025
3768
Türkmenistanda Gwatemala Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Gwatemala Respublikasynyň ýurdumyzda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Eduardo Enrike Ernandes Resinosdan ynanç hatyny kabul etdi.
08.02.2025
6988
Türkiýede Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanan ylmy maslahat we fotosergi geçirildi
2025-nji ýylyň 7-nji fewralynda Türkmenistanyň Türkiýedäki Ilçihanasy bilen Kyrşehir şäheriniň Ahi Ewran uniwersitetiniň bilelikde gurnamagynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy, şeýle hem 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli ylmy maslahat geçirildi.
08.02.2025
5592
Daşkent şäherinde 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli tegelek stol geçirildi
2025-nji ýylyň 5-nji fewralynda Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Ilçihanasynyň başlangyjy bilen Halkara Merkezi Aziýa instituty bilen bilelikde «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: Türkmenistanyň ählumumy we sebit hyzmatdaşlygyna goşandy» atly tegelek stoly geçirildi.
08.02.2025
3339
Yslamabat şäherinde köptaraplaýyn sebit dialogyny ösdürmek meselelerine garaldy
2025-nji ýylyň 6-njy fewralynda Yslamabadyň Sebitleýin barlaglar institutynda (IRSI) “Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjanyň Ilçileriniň sebit arabaglanyşygy bilen bagly meseleler boýunça 2025-nji ýyldaky dialogy” atly tegelek stol maslahaty geçirildi.
08.02.2025
3650
Türkmenistanyň Täjigistandaky Ilçihanasynda dabaraly çäreler geçirildi
2025-nji ýylyň 6-njy fewralynda Türkmenistanyň Täjigistan Respublikasyndaky Ilçihanasynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Hakyda göwheri» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy, şeýle hem 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegine we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan çäre geçirildi.
06.02.2025
3958
Türkmenistanyň wekiliýeti Astanada geçirilen ýokary derejedäki duşuşyga gatnaşdy
2025-nji ýylyň 6-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Pekin jarnamasynyň we Hereketleriň platformasynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilen «2030-njy ýyla çenli Gün tertibiniň ýerine ýetirilmegine çenli 5 ýyl: Merkezi Aziýanyň geljegi» atly ýokary derejedäki duşuşyga gatnaşdy.
06.02.2025
4062
Aşgabatda howanyň üýtgemegine dahylly meseleler boýunça maslahat geçirildi
2025-nji ýylyň 5-nji fewralynda Türkmenistanda ösüş toparynyň howanyň üýtgemegi boýunça sekizinji sazlaýjy maslahaty geçirildi.