Hyzmatdaşlyk
06.02.2025
4209
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň Indoneziýa Respublikasynyň Ilçisi bilen duşuşygy
2025-nji ýylyň 6-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Türkmenistandaky diplomatik işini tamamlaýan Indoneziýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Tähran ş.) Ronni Prasetýo Ýuliantoro bilen duşuşyk geçirdi.
06.02.2025
4543
Türkmenistanyň DIM-de türkmen-ýapon gatnaşyklaryny ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy
2025-nji ýylyň 5-nji fewralynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň ýörite geňeşçisi Nagaşima Akihisanyň ýolbaşçylygyndaky Ýaponiýanyň wekiliýetiniň arasynda duşuşyk geçirildi.
06.02.2025
3602
Türkmenistanyň wekiliýeti Merkezi Aziýa we ÝB-niň döwletleriniň Owganystan boýunça ýörite wekilleriniň nobatdaky duşuşygyna gatnaşdy
2025-nji ýylyň 5-nji fewralynda Duşanbe şäherinde «Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi» görnüşindäki Owganystan boýunça ýörite wekilleriň altynjy duşuşygy geçirildi.
05.02.2025
3885
Türkmenistanyň Daşary işler ministri Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti tarapyndan kabul edildi
2025-nji ýylyň 4-nji fewralynda Astana amala aşyran sapary döwründe Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Jomart Tokaýew tarapyndan kabul edildi.
04.02.2025
4027
Astana şäherinde Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi
2025-nji ýylyň 3-nji fewralynda Astana şäherinde Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi.
04.02.2025
3552
Türkmenistanyň wekiliýeti YHG-a agza ýurtlaryň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň ýokary derejeli komitetiniň mejlisine gatnaşdy
2025-nji ýylyň 3-nji fewralynda Daşary işler ministriniň orunbasary A.Gurbanowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Tähran şäherinde geçirilen Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasyna (YHG) agza ýurtlaryň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň ýokary derejeli komitetiniň birinji mejlisine gatnaşdy.
03.02.2025
4381
Almatyda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli dabara boldy
2025-nji ýylyň 30-njy ýanwarynda Almaty şäheriniň Dostluk öýünde Almaty şäherindäki Türkmen jemgyýetçilik-medeni merkeziniň 30 ýyllygynyň, şeýle hem Gazagystanyň halk assambleýasynyň 30 ýyllygynyň baýram edilmegi mynasybetli çäre geçirildi.
03.02.2025
3751
Türkmenistanyň wekiliýeti Efiopiýa Federal Demokratik Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy
2025-nji ýylyň 31-nji ýanwaryndan 2-nji fewraly aralygynda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň başlygy A.Serdarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Efiopiýa Federal Demokratik Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy.
03.02.2025
3529
Almatyda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli tanyşdyrma dabarasy boldy
2025-nji ýylyň 30-njy ýanwarynda Almaty şäheriniň Dostluk öýünde Almaty şäherindäki Türkmen jemgyýetçilik-medeni merkeziniň 30 ýyllygynyň, şeýle hem Gazagystanyň halk assambleýasynyň 30 ýyllygynyň baýram edilmegi mynasybetli çäre geçirildi.
02.02.2025
4918
Yslamabat şäherinde “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: parahatçylygyň bähbidine hyzmatdaşlyk” atly okuw maslahaty geçirildi
2025-nji ýylyň 30-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Pakistan Yslam Respublikasyndaky Ilçihanasynyň başlangyjy esasynda BMG-niň Pakistandaky Hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasynyň we Yslamabadyň Strategiki barlaglar instituty (ISSI) bilen bilelikde guramagynda ISSI-niň binasynda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: parahatçylygyň bähbidine hyzmatdaşlyk” atly okuw maslahaty geçirildi.