Hyzmatdaşlyk
31.01.2025
4790
Merkezi Aziýanyň sebitleýin ekologiýa merkeziniň Ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşyk geçirildi
2025-nji ýylyň 31-nji ýanwarynda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Merkezi Aziýanyň sebitleýin ekologiýa merkeziniň (CAREC) Ýerine ýetiriji direktory Zafar Mahmudowyň arasynda duşuşyk geçirildi.
30.01.2025
4142
Türkmenistanyň Gyrgyzystan Respublikasyndaky Ilçihanasynda dabaraly çäreler geçirildi
2025-nji ýylyň 30-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Gyrgyzystan Respublikasyndaky Ilçihanasynda 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegine bagyşlanan çäre, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Magtymguly - dünýäniň akyldary» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.
29.01.2025
3689
Türkmenistanyň hemişelik wekili BMG-niň Ženewadaky diplomatik topary bilen bolan duşuşyga gatnaşdy
2025-nji ýylyň 28-nji ýanwarynda BMG-niň Ženewadaky edarasynda bu şäherde ýerleşen diplomatik toparyň we halkara guramalaryň ýolbaşçylary bilen duşuşyk geçirildi.
29.01.2025
5838
Astrahanda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Magtymguly – dünýäniň akyldary» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
2025-nji 27-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky konsullygynda (Astrahan ş.) Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Magtymguly – dünýäniň akyldary» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.
29.01.2025
6113
Yslamabatda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň - 2025 Konsepsiýasyna bagyşlanan brifing geçirildi
2025-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Pakistan Yslam Respublikasyndaky Ilçihanasynda ýerli KHBS-niň wekilleri üçin «Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dowamyndaky işleriniň we onuň ileri tutýan ugurlarynyň Konsepsiýasyna» bagyşlanan brifing geçirildi.
28.01.2025
4424
Türkmen-özbek gatnaşyklaryny ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
2025-nji ýylyň 26-27-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Özbegistan Respublikasynda saparda boldy. Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministrleri derejesinde syýasy geňeşmeler geçirildi.
28.01.2025
3160
Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň wajyp meselelerine garaldy
2025-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda Tokio şäherinde iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda türkmen-ýapon syýasy geňeşmeleri geçirildi.
25.01.2025
3870
Türkmenistanyň Nepaldaky Ilçisi ynanç hatyny gowşurdy
2025-nji yylyň 23-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Nepaldaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Nýu-Deli şäheri) Ş.Geldynazarow Nepalyň Prezidenti Ramçandra Paudela ynanç hatlaryny gowşurdy.
25.01.2025
4385
Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçisiniň Gruziýanyň Daşary işler ministri bilen duşuşygy geçirildi
2025-nji ýylyň 24-nji ýanwarynda Gruziýanyň DIM-nde Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçisi D.Seýitmämmedow bilen Gruziýanyň Daşary işler ministri M.Boçorişwiliniň arasynda duşuşyk geçirildi.
25.01.2025
4227
Daşkent şäherinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň «Hakyda göwheri» atly kitabynyň özbek dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
2025-nji ýylyň 24-nji ýanwarynda Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet dolandyryş akademiýasynyň binasynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Hakyda göwheri» atly kitabynyň özbek dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.