Jemgyýet
21.03.2021
10808
Türkmenistanlylar galkynyşyň we durmuş ösüşiniň dabaralanmasyny özünde jemleýän Nowruzy garşyladylar
Şu gün halkymyz Halkara Nowruz gününi — Milli bahar baýramyny uly ruhubelentlikde dabaralandyrdy. Bahar paslynda tutuş ýurdumyz boýunça ýaýbaňlandyrylan baýramçylyk çäreleri aýdym-sazly çykyşlar we türkmen halkynyň oňyn däp-dessurlary bilen türkmen topragynyň gözelligine gözellik goşdy.
20.03.2021
5207
Paýtagtymyzyň demirgazyk künjeginde täze seýilgäh döredilýär
Şu gün Türkmenistanda Milli bahar baýramyna – Halkara Nowruz gününe bagyşlanyp ählihalk bag ekmek çäresi geçirildi. Şäheriň ýene bir işewürlik we durmuş-medeni merkezi döredilýän demirgazyk böleginde tiz wagtda Aşgabadyň bu künjegine bezeg berjek täze seýilgähde nahallar oturdyldy.
19.03.2021
4075
Türkmen we gruzin hünärmenleri buýan köküni farmasewtikada ulanmagyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar
Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasynyň ýardam bermeginde buýan köküniň dermanlyk häsiýetlerini öwrenýän iki ýurduň hünärmenleriniň onlaýn duşuşygy geçirildi.
18.03.2021
6066
«Beýik özgertmeleriň ýyl ýazgysy» neşiriniň nobatdaky sany çapdan çykdy
Dowamly çap edilýän «Beýik özgertmeleriň ýyl ýazgysy» neşiriniň 13-nji goýberilişi çapdan çykdy, onda «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýen şygar bilen geçirilen 2019-njy ýylda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň netijeli syýasy we guramaçylyk işini açyp görkezýän wakalar beýan edilýär.
16.03.2021
5513
Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyk
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça ýurdumyzyň wekiliýeti Mejlisiň Başlygynyň ýolbaşçylygynda “Parahatçylygy, ynanyşmagy hem-de howpsuzlygy pugtalandyrmakda zenanlaryň orny” atly Merkezi Aziýa forumyna gatnaşdy. Duşuşyk Türkmenistanyň Hökümeti bilen Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy tarapyndan guraldy. Wideomaslahat görnüşinde geçirilen çärä ÝHHG-niň başlygy hem-de Şwesiýanyň daşary işler ministri Ann Linde, ÝHHG-niň Baş sekretary Helga Şmid, daşary ýurtlaryň parlamentleriniň we halkara düzümleriniň ýokary wezipeli wekilleri gatnaşdylar.
13.03.2021
4365
Üç sekunt düzgüni we onlaýn-KHBS-niň işiniň şowlulygynyň beýleki ölgeçleri
Ählumumy habarlar giňişligi bolan Internetde täzelikler akymy döredilýär, ilerledilýär we goşulyşýar. Onlaýn-medialaryň görkezijisi olara okyjynyň üç sekundyň dowamynda özüne çekijiligine ( internet sahypa girmelimi ýa-da girmeli däl diýip belli çözgüde gelşine) baglydyr. Uzak garaşdyran kligiň hut siziň maglumatyňyza gelmegi, ony hut siziň onlaýn-neşiriňizi saýlamaga ynandyrmak üçin näme etmeli?
13.03.2021
18095
Fotoreportaž: baharyň gyş öwüşgini ýa-da martyň aýazly oýny
Onuň Alyhezretleri Bahar Pasly aşgabatlylara garaşylmaýan sowgat getirdi. Paýtgatyň ilaty irden oýanandan özüni pasyllara syýahat eden ýaly duýdy: akja gar we mart aýy üçin duýdansyz aýaz bizi, hamala, gyşa dolanan ýaly etdi...
10.03.2021
4484
Dalaşgärleriň halk maslahatlarynyň agzalary bilen duşuşyklary başlandy
Şu ýylyň 28-nji martynda geçiriljek Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlaryna taýýarlyk görmek we ony geçirmek boýunça işler meýilnama laýyklykda dowam edýär. Milli Geňeşiň Halk Maslahatyna agzalyga bellige alnan dalaşgärler saýlawçylar — welaýatlaryň, Aşgabat şäheriniň halk maslahatlarynyň agzalary bilen duşuşyk ýygnaklaryna başladylar.
09.03.2021
15322
Aşgabada — 140 ýyl: paýtagty ösdürmegiň innowasion ugry
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Ak mermerli ajaýyp binalary, giň şaýollary, seýilbaglary we seýilgähleri, suw çüwdürimleri bilen häzirki döwrüň Aşgabady hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli alyp barýan oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we «Açyk gapylar» syýasatynyň hem-de halkara hyzmatdaşlygyň ykrar edilen merkezi bolup, Türkmenistanyň dünýä derejesinde belent abraýa eýe bolmagyny üpjün etdi.
08.03.2021
7090
Bäşim Nuraly adyndaky çeperçilik mekdebinde tanymal zenanlaryň 10-sy barada tematiki diwarça döredildi
Başim Nuraly adyndaky çeperçilik mekdebiniň işgärleri Halkara zenanlar gününe bagyşlap ýurduň taryhynda yz galdyran ajaýyp zenan ildeşlerimize bagyşlanan maglumat diwarçasyny döredipdirler.