Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasynyň ýardam bermeginde buýan köküniň dermanlyk häsiýetlerini öwrenýän iki ýurduň hünärmenleriniň onlaýn duşuşygy geçirildi.
Duşuşyga türkmen tarapyndan — Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň «Türkmendermansenagat» birleşiginiň, Oguz han adyndaky Inžiner-tehnologiýalar uniwersitetiniň wekilleri, Gruzin tarapyndan — Gruziýanyň Daşky gurşawy goramak we oba hojalyk ministrliginiň Oba hojalygy ylmy-barlag merkeziniň, Gruziýanyň Oba hojalyk uniwersitetiniň wekilleri gatnaşdylar.
Webinarda buýan köküniň dermanlyk aýratynlyklary we onuň düzümindäki işjeň madda - glisirrizm turşysy barada pikir alşyldy. Buýan kökünden, şeýle hem glisirrizm turşusyndan taýýarlanylýan derman serişdeleriniň bejeriş-öňüni alyş täsire eýediginiň alymlaryň degişli ylmy barlaglary bilen tassyklanandygy bellenildi.
Şunuň bilen baglylykda, taraplar bu ugurda işjeň hyzmatdaşlyga taýýardyklaryny beýan etdiler.