Onuň Alyhezretleri Bahar Pasly aşgabatlylara garaşylmaýan sowgat getirdi. Paýtgatyň ilaty irden oýanandan özüni pasyllara syýahat eden ýaly duýdy: akja gar we mart aýy üçin duýdansyz aýaz bizi, hamala, gyşa dolanan ýaly etdi...
Aşgabat ýylyň ähli paslynda, gije-gündiziň dowamynda – mydama ajap. Bu gün ap-ak lybasa bürenen türkmen paýtagty hasam owadan we kaşaň görünýär. Pürli agaçlaryň gar basan şahalary ýaşajyk şäherlileri we olaryň ata-enelerini gar oýnamaga, gardan dürli ertekileriň gahrymanlaryny ýasamaga ýa-da jaýlarydyr köçeleri, seýilgähleri we baglary ajap gunduz ýapynja bilen örtüp, bize jadyly pursatlary peşgeş beren tämiz howada gezelenje çagyrýana meňzeýär...
Eýýäm indiki hepdeden bahar öz pasyl hukugyny gaýtarryp alar-da, bizi mylaym mähri bilen gurşap alar we golaýlap gelýän Nowruz gözelligi bilen köňlümizi şat eder, häzirlikçe bolsa keýpimizi çag eden duýdansyz gelen gyş jadysyndan lezzet alalyň...
Okyjylarymyza şu günki Aşgabada surat habarçymyzyň nazary bieln bakmagy teklip edýäris.
Surat düşüren: Ýuriý ŞKURIN