mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Medeniýet

news-photo

01.06.2026

total-veiw

2235

Türkmenistan – bagtyýar çagalaryň mekany

Çagalary goramagyň halkara güni senenamada tomsuň ilkinji gününe gabat gelýär. Bu wagt oglan-gyzlaryň iň gowy görýän döwri, çünki şonda mekdep okuwçylary üçin uzak dynç alyş günleri başlanýar we olar öz oýunlarynadyr jigileri bilen oýnamaga, medeni we dynç alyş merkezlerine baryp görmäge has köp wagt sarp edip bilýärler.

news-photo

31.05.2026

total-veiw

2670

Aşgabatda Ýewropa güni bellenildi: medeniýet we dostluk dili terjime talap etmeýär

Paýtagtymyzyň «Arkaç» söwda-dynç alyş merkezinde Ýewropa gününe bagyşlanan «Ýewropa syýahaty» atly medeni we bilim festiwaly geçirildi. Ýewropa ýurtlarynyň däp-dessurlaryny türkmen halkynyň myhmansöýerligi bilen utgaşdyran bu çäre paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň uly gyzyklanmasyna eýe boldy. Çärä gatnaşyjylaryň arasynda ýaşlar aýratyn köpçülik bolup çykyş etdiler.

news-photo

30.05.2026

total-veiw

2628

Ýarly Baýramow – türkmen «abstraksiýasynyň» täzelikçisi

Ýarly Baýramowyň özboluşly suratkeşdigi hiç kimde şübhe döretmeýär. Ol öz döredijiliginde türkmen obasyny we onuň ýaşaýjylaryny örän täsirli wasp edipdir. Emma muny öz ýoluna görä, şahsy garaýşyny umumy sosialistik realizm akymyna garşy goýup ýerine ýetiripdir. Şol döwürde şeýle erkinlige diňe aýratyn üstünlik gazanan döredijiler eýe bolup bilýärdi, Ýarly Baýramow hem şeýle seýrek sungat ussatlarynyň biridi.

news-photo

30.05.2026

total-veiw

1949

Medeni dialogy pugtalandyrmak bilen: Türkmenistan Gyrgyzystandaky halkara foruma onlaýn ulgam arkaly gatnaşdy

26-njy maýda A.Osmonow adyndaky Gyrgyzystan Respublikasynyň Milli kitaphanasynda «OÝMO» atly XX halkara festiwalynyň çäklerinde «Däp bolan medeniýeti gorap saklamak we maddy däl medeni mirasyň esasynda döredijilik industriýalary ösdürmek» atly halkara maslahaty geçirildi.

news-photo

29.05.2026

total-veiw

1821

Türkmenistanyň wekiliýeti «Melihowo bahary» atly XXVI halkara teatr festiwalynda çykyş etdi

28-nji maýda Podolskyň drama teatrynyň sahnasynda geçirilen «Melihowo bahary» atly XXVI halkara teatr festiwalynyň çäklerinde Aşgabatdaky A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynyň döredijilik topary «Çehowyň wodewilleri» atly sahna oýnuny hödürledi.

news-photo

29.05.2026

total-veiw

2715

Halaçly halyçylaryň zähmet üstünlikleri

Öz köklerini gadymyýetiň çuňluklaryndan alyp gaýdýan halkymyzyň milli mirasynyň iň naýbaşylarynyň biri hem türkmen halysydyr. Özüniň owadanlygy, nepisligi, berkligi, uzak wagtlap durkuny saklap bilýänligi, milli aýratynlygy, türkmen milletiniň şöhratly taryhyny, ajaýyp tebigatymyzy, gelin-gyzlarymyzyň ruhy dünýäsini özünde jemleýän türkmen halylary görenleri haýran galdyrýar.

news-photo

26.05.2026

total-veiw

1238

Molla Nasreddin – dürli ýurtlara degişli alty kinostudiýada surata düşürilen filmiň gahrymany

«Molla Nasreddin – gara günüňde hemdem» atly halkara çeper film türki halklaryň umumy gymmatlyklaryny we gadymdan gelýän paýhasyny degişmeler arkaly açyp görkezýär. Filmiň edebi esasyny ýazan we ony goýan režissýor Azerbaýjanyň halk artisti Wagif Mustafaýew. Režissýoryň aýtmagyna görä, Molla Nasreddin diňe bir degişme ýa ýomak bolman, eýsem, jemgyýetiň derdine çeper seslenmäniň nyşanydyr, şonuň üçin bu keşbi ekrana geçirmek biziň üçin uly jogapkärçilik we ahlak borjumyzdyr.

news-photo

25.05.2026

total-veiw

4301

«Çalsana, bagşy!» bäsleşiginde ýaş bagşylaryň, sazandalaryň çeper döredijilik ussatlygyna baha berildi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmek, ony döwrebap derejede kämilleşdirmek, bu ugra zehinli ýaşlary giňden çekmek maksady bilen, eziz Diýarymyzda çäksiz möçberli täsirli çäreler durmuşa geçirilýär.

news-photo

25.05.2026

total-veiw

3786

«Şadyýan şahandazlar» bäsleşiginiň Balkan welaýat tapgyry geçirildi

Şu günler ýurdumyzyň sebitlerinde halk teatrlarynyň arasynda guralýan «Şadyýan şahandazlar» atly bäsleşigiň welaýat tapgyrlary guramaçylykly dowam edýär. Günbatar sebitiň merkezi Balkanabat şäherindäki Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Balkan welaýat döwlet drama teatrynda hem bäsleşigiň welaýat tapgyry üstünliklere beslendi.

news-photo

24.05.2026

total-veiw

3168

Çagalyk bagtynyň sekiz ýüz öwüşgini: zehinleriň giň gerimli sergisi

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Şekillendiriş sungatynyň sergi merkezinde Bäşim Nuraly adyndaky çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylarynyň işleriniň sergisi geçirildi. Çagalar birnäçe ýyldan bäri islendik suratkeş üçin abraýly hasaplanýan bu meýdançada hasabat sergileri bilen çykyş edip gelýärler. Emma bu gezekki sergi hakyky baýramçylyga öwrüldi.

...358