Resmi
21.02.2021
3699
Resmi habar
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky syýasy geňeşmelere hem-de “Türkmenistan–Türkiýe–Azerbaýjan” üçtaraplaýyn dialogyň çäklerinde geçiriljek daşary işler ministrleriniň duşuşygyna gatnaşmak üçin, 2021-nji ýylyň 22-24-nji fewraly aralygynda Türkiýe Respublikasynyň Ankara şäherinde gulluk iş saparynda bolar.
19.02.2021
4403
Resmi habarlar
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşini durnukly saklamak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanda 2021-nji ýylda ykdysadyýetiň pudaklarynda ýerine ýetirilmeli işleriň we çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy.
16.02.2021
3589
Resmi habarlar
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Nazarowa Sona Ýagmurowna özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin, Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy.
15.02.2021
4352
Resmi habar
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow Karara gol çekdi. Resminama bilen, “Türkmenistanyň prokuraturasy hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunynyň 16-njy maddasyna laýyklykda, ýustisiýanyň geňeşçisi Begmyrat Meretdurdyýewiç Begmyradow Türkmenistanyň Baş prokurorynyň orunbasary, Baş müdirligiň müdiri wezipesine bellenildi.
12.02.2021
5660
Resmi habarlar
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň demirgazygynda ýerleşýän Altyn kölüň kenarynda häzirki zaman dynç alyş zolagyny döretmek, bu zolakda ekologiýa şertlerini has-da gowulandyrmak, kölüň kenaryny şäheriň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň medeniýetli dynç almaklary üçin amatly ýerleriň birine öwürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Aşgabat şäherinde Altyn kölüň kenarynda 2021-2024-nji ýyllarda dynç alyş zolagyny gurmak bellenildi.
11.02.2021
9434
Resmi habar
“Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny” amala aşyrmak boýunça alnyp barylýan işleri talabalaýyk ýerine ýetirmek, bu ugurda geçirilýän işlere gözegçiligi güýçlendirmek, şeýle hem welaýatlary we Aşgabat şäherini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň we häkimleriň jogapkärçiligini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda:
11.02.2021
6205
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany S.G.Berdimuhamedow hakynda
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany S.G.Berdimuhamedow hakynda
10.02.2021
4461
Resmi habarlar
Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýrugyna laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, garamagyndaky ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň işine gözegçiligi gowşadandygy üçin, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Müşşikow Gadyrgeldi Müşşikowiçe käýinç ýglan edildi.
09.02.2021
3227
Resmi habar
Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetli daşary syýasatyny amala aşyrmakda, daşary ýurt döwletleri bilen syýasy, söwda-ykdysady, ylym-bilim, medeni-ynsanperwer we beýleki ugurlardaky gatnaşyklaryny ösdürmekde we berkitmekde, daşary ýurtlarda Türkmenistanyň döwlet bähbitlerini, daşary ýurtlardaky Türkmenistanyň raýatlarynyň hem-de ýuridik şahslarynyň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramakda we ýurdumyzyň abraýly halkara guramalary bilen netijeli gatnaşyklaryny giňeltmekde şahsy goşandyny goşan Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň işgärlerini sylaglamak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, “Türkmenistanyň ussat diplomaty” diýen tapawutlandyryş nyşany döredildi hem-de bu nyşan hakyndaky Düzgünnama, nyşanyň ýazgysy hem-de şahadatnamasynyň nusgasy tassyklanyldy.