Resmi
24.09.2024
5147
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
Ata Watanymyz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramyny uly dabaralara besläp, ajaýyp üstünlikler bilen garşylaýar. Geçen 33 ýylda eziz Diýarymyzda asyrlara barabar beýik işler amala aşyryldy. Bitarap döwletimiz dünýäde ýokary depginler bilen ösýän, raýatlarynyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün edýän ýurtlaryň hataryna ynamly goşuldy.
24.09.2024
4583
Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY Edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň hem-de zehinli çagalaryň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň jemleri
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda alnyp barylýan giň gerimli işleriň, agzybir halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň, milli däp-dessurlarymyzyň, gadymy gymmatlyklarymyzyň, özboluşly medeni mirasymyzyň ähmiýetini çeper şöhlelendirýän döwrebap, kämil eserleri döredendikleri, medeni-köpçülikleýin çärelerde, baýramçylyk dabaralarynda üstünlikli çykyş edendikleri, türkmen medeniýetini, sungatyny, edebiýatyny ösdürmäge goşant goşandyklary üçin we bäsleşigiň ýeňijilerini seçip almak boýunça toparyň towakganamasyny nazara alyp, şeýle hem ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramy mynasybetli, karar edýärin:
22.09.2024
4290
Lebap welaýatynyň häkimligine “Ussa Tirkeş” hususy kärhanasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň bilim ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek we maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da berkitmek, dünýä ölçeglerine laýyk gelýän öňdebaryjy enjamlar bilen üpjün edilen döwrebap bilim edaralarynyň binalaryny gurmagy dowam etdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.
20.09.2024
4192
Hormatly Prezidentimiz iş kesilenleriň günäsini geçmek hakynda Permana gol çekdi
Beýik ata-babalarymyzyň wesýet eden rehimdarlyk we ynsanperwerlik ýörelgelerini goldanyp, türkmen jemgyýetiniň hem-de her bir maşgalanyň agzybirligini, bitewüligini has-da pugtalandyrmak maksady bilen, şeýle hem Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramy mynasybetli, Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow “Iş kesilenleriň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, günäsi geçilen raýatlar mundan beýläk azatlykdan mahrum etmek görnüşindäki esasy jeza çäresini, şeýle hem belli bir ýerde ýaşamak borjuny ýüklemek görnüşindäki goşmaça jeza çäresini çekmekden boşadyldy.
20.09.2024
4517
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň raýatlygyna kabul etmek hakynda Permana gol çekdi
Ata-babalarymyzyň adamkärçilik, ynsanperwerlik we ýagşylyk etmek ýaly däplerinden ugur alyp hem-de adam hukuklaryny, azatlyklaryny goramak bilen bagly halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna eýerýändigimize esaslanyp, adamlaryň raýatlygy erkin saýlap almak hukugyny nazara almak bilen, şeýle hem “Türkmenistanyň raýatlygy hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň çäginde hemişelik ýaşaýan, raýatlygy bolmadyk adamlaryň uly topary Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edildi.
20.09.2024
4340
Daşary ýurt raýatlarynyň bir toparyna ýurdumyzda ýaşamak üçin ygtyýarnamalary bermek bellenildi
Ata-babalarymyzyň ynsanperwerlik, hoşniýetlilik we ýagşylyk etmek ýaly däplerinden ugur alyp hem-de adam hukuklaryny, azatlyklaryny goramak bilen bagly halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna eýerýändigimize esaslanyp, şeýle hem “Migrasiýa hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, daşary ýurt raýatlarynyň bir toparyna Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnamalary bermek bellenildi.
20.09.2024
4534
Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan halkara forumyny geçirmek boýunça Döwlet guramaçylyk topary döredildi
Türkmeniň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan “Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady” atly halkara forumyň ýokary derejede geçirilmegini üpjün etmek üçin, degişli guramaçylyk işlerini ýola goýmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, şu halkara forumy geçirmek boýunça döwlet guramaçylyk topary döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy.
16.09.2024
14760
Türkmenistanyň Prezidenti çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda Permana gol çekdi
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinden, beýleki goşunlaryndan we harby edaralaryndan harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda
11.09.2024
7891
Aşgabat şäheriniň häkimligine “Derýa gurluşyk” hususy kärhanasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň bilim ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek we onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli berkitmek, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, şeýle hem paýtagtymyzyň binagärlik-şähergurluşyk keşbini has-da gözelleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Aşgabat şäheriniň häkimligine Aşgabat şäheriniň “Parahat — 7” ýaşaýyş toplumynda 720 orunlyk umumybilim berýän mekdebiň taslamasyny düzmek hem-de ony ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak barada “Derýa gurluşyk” hususy kärhanasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.
11.09.2024
6288
Owgan halkyna ynsanperwer kömegini ibermek tabşyryldy
Türkmen halkynyň gadymdan gelýän däp-dessurlaryndan, ata-babalarymyzyň dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerinden ugur alyp, şeýle hem asylly ynsanperwer işleri dowam etdirmek üçin, türkmen-owgan serhedinde Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň, elektrik, ulag we aragatnaşyk ulgamlarynyň gurluşygyna badalga berilmegi mynasybetli, doganlyk owgan halkyna 2024-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda ynsanperwerlik kömegini ibermek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna çaga iýmitini, azyk önümlerini, bugdaýy, karbamidi, dizel ýangyjyny, benzini we sementi ynsanperwerlik kömegi hökmünde Owganystana bermek tabşyryldy.