mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Resmi

12.06.2026

total-veiw

12399

Türkmenistanyň Prezidenti Kararlara gol çekdi

Türkmenistanyň Hökümeti bilen Slowakiýa Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşygy ýerine ýetirmek hem-de Türkmenistan bilen Slowakiýa Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň türkmen bölegi döredildi hem-de onuň düzümi tassyklanyldy.

12.06.2026

total-veiw

9782

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň jemleri hakynda

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ýaşlarymyzyň ylymly-bilimli nesiller bolup ýetişmegi we häzirki zaman ylmynyň gazananlaryna mynasyp goşant goşmagy babatda ähli şertler döredilýär. Eziz Diýarymyzyň röwşen geljegi üçin ýokary bilimli, giň dünýägaraýyşly, hünärine ussat, başarnykly ýaşlary kemala getirmek biziň baş maksatlarymyzyň biridir. Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça bäsleşik geçirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň 2015-nji ýylyň 6-njy fewralynda çykaran 14109-njy Kararyna laýyklykda, ata Watanymyzyň zehinli ýaşlaryny ylym, bilim, täze tehnologiýalar boýunça has ähmiýetli we tutumly işlere höweslendirmek maksady bilen, şeýle hem Ylymlar güni mynasybetli, karar edýärin:

11.06.2026

total-veiw

8776

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ykdysady we syýasy ylymlary boýunça akademikligine saýlanyldy

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Umumy ýygnagynyň çözgüdine laýyklykda, Türkmenistanda halkyň durmuş-ykdysady ýagdaýyny gowulandyrmakda, ylym we bilim ulgamlaryny ösdürmekde, ýurduň saglygy goraýyş ulgamyny dünýä ülňülerine laýyk getirmekde, täze öňdebaryjy tehnologiýalary ykdysadyýete, önümçilige ornaşdyrmakda, ylymly-bilimli ýaşlaryň täze neslini kemala getirmekde, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň dünýäniň ykdysady taýdan çalt depginler bilen ösýän ýurtlarynyň hataryndaky ornuny berkitmekde, dünýäde parahatçylyk, dost-doganlyk syýasatyny has-da pugtalandyrmakda alyp barýan işleri nazara alnyp, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ykdysady we syýasy ylymlar boýunça akademikligine saýlanyldy.

11.06.2026

total-veiw

7155

Döwlet Baştutanymyza ykdysady we syýasy hünärleri boýunça professor alymlyk ady dakyldy

Türkmenistanyň Ýokary attestasiýa komitetiniň prezidiumynyň çözgüdine laýyklykda, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň ylmyň ileri tutulýan ugurlary boýunça ýokary taýýarlykly hünärmenleriň we alymlaryň täze neslini kemala getirmek, ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamyny dünýäniň ösen ýurtlarynyň hataryna çykarmak babatda alyp barýan syýasatyndan ugur alyp, Alymlar geňeşiniň güwänamalarynyň, Türkmenistanyň Ýokary attestasiýa komitetiniň gumanitar we ykdysadyýet, hukuk we sosiologiýa ylymlary boýunça geçirilen geňeşlerinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedowa professor alymlyk adyny dakmak barada netijenamalarynyň esasynda, häzirki zaman ylmyna uly goşant goşýan milli we bütin adamzat bähbitli ylmy-önümçilik, innowasion-senagat, durmuş-ykdysady, ylmy-tehniki özgertmeleri, parahatçylyk söýüjilikli içeri we daşary syýasaty amala aşyrmak, halkara hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek üçin bitiren ägirt uly işleri nazara alnyp, Türkmenistanyň Prezidenti, syýasy ylymlaryň doktory Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedowa ykdysady we syýasy hünärler boýunça professor alymlyk ady dakyldy.

10.06.2026

total-veiw

6571

Ş.Geldynazarow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky (Nýu-Deli şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarowy, şol bir wagtda, Türkmenistanyň Maldiwler Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemeli.

10.06.2026

total-veiw

5628

Mary welaýatynyň etraplarynda gant şugundyrynyň ýokary hasylynyň öndürilmegini üpjün etmek tabşyryldy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda oba hojalygyny ösdürmek boýunça öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, oba hojalyk we azyk önümleriniň öndürilýän möçberini mundan beýläk-de artdyrmak hem-de ygtybarly azyk bolçulygyny döretmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Azyk senagaty döwlet birleşigine hem-de Mary welaýatynyň häkimligine Mary welaýatynyň etraplarynda önümçiligi we ekin dolanyşygyny agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda, ylmy esasda ýola goýmak bilen, gant şugundyrynyň ýokary hasylynyň öndürilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

07.06.2026

total-veiw

7759

Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň durmuş-ykdysady, jemgyýetçilik-syýasy, medeni-ynsanperwer ulgamlarynda alnyp barylýan işlere erkekleriň we aýallaryň deň derejede gatnaşmagyny has-da ýaýbaňlandyrmak üçin zerur şertleri döretmek, Türkmenistanyň halkara şertnamalar esasynda öz üstüne alan gender deňligini üpjün etmek baradaky borçnamalaryna ygrarlydygyny beýan etmek we gender deňligini iş ýüzünde durmuşa geçirmek mümkinçiligini artdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, “Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy” tassyklanyldy.

04.06.2026

total-veiw

6461

Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazylaryny wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hem-de olara hünär derejelerini bermek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY

«Kazyýet hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 25-nji, 56-njy, 60-njy, 81-nji we 102-nji maddalaryna laýyklykda, karar edýärin:

02.06.2026

total-veiw

6990

“Türkmenistanyň 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasy” tassyklanyldy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe daşky gurşawy goramak boýunça döwlet syýasatynyň hukuk esaslaryny pugtalandyrmak, howanyň üýtgemeginiň täsirini azaltmak babatda işleriň esasy ugurlaryny kesgitlemek, ekoulgamlaryň we tokaý hojalygynyň bu ýagdaýlara durnuklylygyny ýokarlandyrmak, şeýle hem “Howanyň üýtgemegi barada Türkmenistanyň Milli strategiýasyny” üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.  

02.06.2026

total-veiw

5937

“Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnama” tassyklanyldy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ilatyň ruhy we beden taýdan sagdynlygyny gazanmak, temmäkä garşy göreşmek, raýatlaryň saglyk ýagdaýyny has-da gowulandyrmak, abadançylygyny ýokarlandyrmak, adamyň ömrüniň dowamlylygyny artdyrmak, bu ugurda netijeli we toplumlaýyn çäreleri durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, “Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnama” hem-de şu maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy.

...504