Sport
15.04.2023
7651
«Köpetdag» Türkmenistanyň futbol boýunça 31-nji çempionatyna ýeňiş bilen girişdi
Türkmenistanyň futbol boýunça 31-nji çempionaty paýtagtymyzyň «Köpetdag» toparynyň Türkmenbaşynyň «Şagadamyndan» 2:1 hasabynda üstün çykmagy bilen başlandy. Köpugurly «Aşgabat» stadionynyň merkezi meýdançasynda geçirilen duşuşyga iki müňden gowrak futbol söýüjiler tomaşa etdiler.
10.04.2023
6242
Türkmenistanyň milli ýygyndysy Kazanyň «Ak Bars» toparynyň hokkeýçileri bilen türgenleşik oýnuny geçirdi
Dünýäniň üç gezek çempiony, Gagarin Kubogynyň ýeke-täk bäş gezek eýesi Danis Zaripowyň ýolbaşçylygynda Kazanyň «Ak Bars» toparynyň ulgamynyň hokkeýçileriniň Aşgabada sapary milli sport senenamasynda aprel aýynyň şanly wakasy boldy.
07.04.2023
6657
Halkara ýaryşlaryň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça paýtagtymyzda «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» şygary astynda geçýän ýylyň birinji çärýeginde geçirilen iri halkara ýaryşlarda üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlara eýe bolan türkmen türgenlerini sylaglamak dabarasy guraldy.
06.04.2023
4916
Dünýäniň üç gezek çempiony Danis Zaripowyň ýolbaşçylygynda Kazanyň «Ak Bars» toparynyň ulgamynyň hokkeýçileri Aşgabat şäherine geldiler
Kazanyň «Ak Bars» toparynyň ulgamynyň hokkeýçileri 17-23-nji aprelde «A» toparyň üçünji diwizionynda Günorta Afrikada geçiriljek dünýä çempionatyna taýýarlygyň soňky tapgyryna başlan Türkmenistanyň milli ýygyndysy bilen bilelikde okuw-türgenleşik ýygnanşygyny geçirmek üçin Aşgabada geldiler.
05.04.2023
6864
«Hazar - dostluk deňzi» motoýörişine gatnaşyjylar deňiz kenaryndaky Türkmenbaşy şäherine we ak mermere beslenen Aşgabat şäherine baryp gördüler
Türkmen-Gazagystan serhediniň gözegçilik nokadynda gümrükhana, Türkmenistanyň konsullyk gullugynyň we Garabogaz şäheriniň dolandyryş edarasynyň wekilleri Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň gubernatory Igor Babuşkiniň ýolbaşçylygyndaky «Hazar - dostluk deňzi» motoýörişine gatnaşyjylary garşyladylar.
04.04.2023
8885
Türkmenistanyň pälwanlary Gazagystanda geçiriljek Aziýa çempionatyna gatnaşarlar
Erkin we grek-rim göreşi boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysy 9-njy aprelden 14-nji aprel aralygynda Astana şäherinde geçiriljek 2023-nji ýylyň Aziýa çempionatyna gatnaşar.
02.04.2023
7365
Türkmenistanyň tennisçisi 14 ýaşa çenli tennisçileriň Aziýa çempionatynyň soňky tapgyrynda çykyş eder
Türkmenistanyň tennisçisi Ilima Guseýnowa şu gün Bhubaneswar (Hindistan) şäherinde başlanýan 14 ýaşa çenli tennisçileriň Aziýa çempionatynyň soňky tapgyrynda ilkinji gezek oýnar.
31.03.2023
7876
Türkmenistanyň ýygyndy topary BAE-niň «United» futbol klubuny ýeňdi
Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň futbolçylary Şarja şäherindäki okuw-türgenleşik ýygnanyşygynda BAE-niň «United» klubuny 3:1 hasabynda utdy.
30.03.2023
8155
«Altyn täс» zenanlaryň arasynda futzal boýunça Türkmenistanyň Kubogyny eýeledi
Aşgabatdan «Altyn täç» topary finalda Mary welaýatyndan «Olimp» toparyny 4:2 hasabynda utup, zenanlaryň arasynda futzal boýunça Türkmenistanyň Kubogyny eýeledi.
30.03.2023
10310
Türkmenistanyň agyr atletikaçysy üç altyn medal gazanmak bilen, 17 ýaşa çenli gyzlaryň arasynda dünýä çempiony boldy
Agyr atletika boýunça Durres şäherinde (Albaniýa) dowam edýän ýetginjeklerikň arasynda (17 ýaşa çenli) geçirilýän dünýä çempionatynda türkmen türgeni Medine Amanowa üç altyn medal gazanmak bilen, «dünýä çempiony» diýen ada mynasyp boldy.