Ykdysadyýet
10.10.2023
6016
Günbatar sebitde sement önümçiliginiň iş depgini ýokarlanýar
Milli ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlary bilen bir hatarda eziz Diýarymyzyň gurluşyk senagaty düýpli ösüşleri başdan geçirýär. Bu ugurda sebitlerde amala aşyrylýan giň möçberli toplumlaýyn gurluşyk işleriniň depgini oňyn netijeleri berýär. Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Balkansement» zawodynda durmuşa geçirilýän guwandyryjy işler hem oňa doly şaýatlyk edýär.
09.10.2023
5654
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 93 million 919 müň dollaryndan gowrak boldy
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 51-si hasaba alyndy.
08.10.2023
7470
Türkmenistanyň we Yragyň döwlet energetika düzümleri türkmen gazyny ibermek hakynda Ähtnama gol çekdiler
Şunuň bilen bagly Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri üçin habarynda, hususan-da, döwlet ministriniň — «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň şu ýylyň 5 — 8-nji oktýabry aralygynda Bagdat şäherinde gulluk iş saparynda bolandygy bellenilýär.
05.10.2023
7323
Ýurdumyzyň kärhanalary «Plastmassa senagaty – Özbegistan Plastex 2023» atly halkara sergisine gatnaşýar
Şu günler Daşkentdäki «Uzexpocenter» 13-nji halkara «Plastmassa senagaty – Özbegistan Plasteks 2023» sergisi geçirilýär. Oňa 7 ýurtdan 200-den gowrak kärhanalar, şol sanda Türkmenistanyň wekilleri hem gatnaşýar.
05.10.2023
5579
Şalynyň bol hasyly kemala getirildi
Ýurdumyzyň Lebap welaýatynda 2023-nji oba hojalyk ýylynda esasy azyklyk ekinleriň biri bolan şalynyň bol hasyly kemala getirildi. Häzirki wagtda bu möhüm azyklyk ekinine ideg etmek işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar.
04.10.2023
5399
Türkmenistanyň wekiliýeti Katardaky halkara sergä gatnaşýar
Kataryň paýtagty Dohada açylan “EKSPO-2023” halkara bagbançylyk sergisine Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy M.Gurdowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşýar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.
04.10.2023
6888
«Türkmenaragatnaşyk» Daşkentde geçirilen kiberhowpsuzlyk boýunça halkara maslahata gatnaşdy
3-nji oktýabrda Daşkentde «Cyber Security Central Eurasia 2023» 1-nji Halkara kiberhowpsuzlyk maslahaty başlandy. Forumyň ilkinji gününe daşary ýurtly wekiliýetler bilen birlikde «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň wekilleri gatnaşdylar.
03.10.2023
4658
Türkmenistan milli maliýeleşdirmegiň giňişleýin mehanizmlerini ornaşdyrmaga taýynlanýar
Aşgabatda, şeýle hem dürli ministrlikleriň we býujet meýilnamalaşdyrylyşyna we ýerine ýetirilmegine jogapkär bölümleriň wekilleri üçin ýörite okuw geçirildi.
02.10.2023
5512
«Daşoguznebitgazgurluşyk» trestiniň hünärmenleri ilata tebigy gazyň berilmegini üpjün edýär
Ruhubelent etrapynyň dolandyryş merkezinden Ý.Durdyýew adyndaky geneşligiň adybir obasyna çenli orta basyşly täze gaz geçirijisiniň gurulmagy «Daşoguznebitgazgurluşyk» trestiniň ýöriteleşdirilen bölüminiň topary tarapyndan amala aşyrylýar.
02.10.2023
6736
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 37 million 500 müň dollaryna golaý boldy
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 16-sy hasaba alyndy.