Ykdysadyýet
18.11.2023
7217
Aşgabatda türkmen-eýran işewürler maslahaty geçirildi
Şu gün paýtagtymyzda türkmen-eýran işewürler maslahaty geçirilip, ol iki ýurduň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygy has-da çuňlaşdyrmaga we giňeltmäge bagyşlandy.
17.11.2023
8714
Türkmenistanda Eýran Yslam Respublikasynyň ýöriteleşdirilen sergisi geçirilýär
Şu gün paýtagtymyzda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň ýardam bermeginde guralýan Eýran Yslam Respublikasynyň «Iran Prože» atly ýöriteleşdirilen sergisi öz işine başlady. Eýranyň önüm öndürijileriniň gazanan üstünlikleriniň gözden geçirilişi iki goňşy ýurduň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga we giňeltmäge täze itergi bermäge gönükdirilendir.
17.11.2023
5853
Daşoguzda şäher we oba hojalygynyň suw üpjünçiliginde howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak boýunça okuw geçirildi
Daşoguz şäherinde Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy bilen bilelikde durmuşa geçirýän «Türkmenistanda milli uýgunlaşma meýilnamalaşdyryşy ösdürmek» we «Ençeme haýyr görmek üçin Aral deňziniň töwereginde ýokary tebigy gymmatlykly ýer serişdelerini hem-de ekoulgamlary gorap saklamak we durnukly dolandyrmak» taslamalarynyň çäklerinde üç günlük seminar guraldy.
16.11.2023
6291
Ýurdumyzyň gaz känlerinde mawy ýangyjyň senagat akymy artýar
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň yzygiderli durmuşa geçirýän energetika syýasaty ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine gönükdirilendir.
16.11.2023
5315
Türkmen-saud ykdysady hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ýangyç-energetika toplumyna gözegçilik edýän orunbasary B.Amanowyň Saud Arabystany Patyşalygynyň maýa goýum ministri Halid Al Falih bilen sanly ulgam arkaly duşuşygy geçirildi. Onda özara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
16.11.2023
7095
«Türkmenistanda öndürildi» internet çeşmesi türkmen öndürijileriniň eksport mümkinçiliklerini artdyrmaga gönükdirilendir
«Türkmenistanda öndürildi» iş portaly ýurt içindäki halkyň sarp edýän dürli ýokary hilli harytlaryny öndürijileri birleşdiren täze onlaýn ýerlik boldy.
15.11.2023
6871
Bereket guş toplumynda önüm öndüriliş artdyrylýar
Döwletli Diýarymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, halkymyzyň eşretli, bolelin durmuşyny üpjün etmek baradaky taýsyz tagallalaryň çäklerinde Balkan welaýatynda hem ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Bu ugurda oba hojalyk toplumyna degişli edaralar bilen bir hatarda, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bolup durýan daýhan hojalyklarynda-da toplumlaýyn işler alnyp barylýar.
15.11.2023
5447
Aşgabatda Eýranyň ýöriteleşdirilen sergisi geçiriler
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy 2023-nji ýylyň 17–19-njy noýabrynda geçiriljek Eýran Yslam Respublikasynyň «Iran Prože» atly ýöriteleşdirilen sergisini guramak boýunça iş alyp barýar.
13.11.2023
4625
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 29 million 492 müň dollaryndan gowrak boldy
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 53-si hasaba alyndy.
13.11.2023
5358
Ýaşyl maýsalara ideg etmek işleri barha ýaýbaňlanýar
Lebap welaýaty boýunça şu möwsümde 130 müň gektar meýdana galla tohumy sepilip, öňümizdäki ýylda ondan esasy azyklyk önümi bolan bugdaýyň 310 müň tonna hasylyny almaklyk meýilleşdirilýär.