Ykdysadyýet
08.08.2021
6811
Eksport geleşikleriniň arasynda nebithimiýa we tekstil önümleri öňdeligi eýeleýär
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 115-si hasaba alyndy.
07.08.2021
5232
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Halkara sergisine gatnaşyjylara diplom gowşuryldy
Türkmenbaşyda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli önümleriniň Halkara sergisi işini tamamlady.
06.08.2021
3942
Merkezi Aziýa döwletleri ulag we söwda ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge ylalaşdylar
Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlary «Awaza» Milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen üçünji Konsultatiw duşuşygyň barşynda ulag we söwda ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge ylalaşdylar.
06.08.2021
3982
Türkmenistan Merkezi Aziýa gazyň we elektrik energiýasynyň iberilişini artdyrmaga taýýar
Türkmenistan Merkezi Aziýa hem-de onuň çäklerinden daşyna tebigy gazyň we elektrik energiýasynyň iberilişini has-da artdyrmaga taýýar.
06.08.2021
4560
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň önümleri Hazar deňziniň türkmen kenarynda görkezilýär
Türkmenbaşy şäheriniň halkara deňiz portunda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli önümleriniň sergisi açyldy.
06.08.2021
3823
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysady forumynyň barşynda söwda-ykdysady ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy
2021-nji ýylyň 6-njy awgustynda «Awaza» Kongresler merkezinde MA ýurtlarynyň Döwlet Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygynyň çäklerinde Merkezi Aziýa döwletleriniň ykdysady forumy geçirildi.
05.08.2021
5214
Täze kärhana işläp başlady
«Türkmenhaly» Döwlet birleşiginiň Daşoguz çeper halyçylyk kärhanasynyň tabşyrygy boýunça Gubadag şäherinde gurlan täze çeper haly kärhanasynda halylar ýüwürdilip başlandy. Halylara «guşly göl» ýaly gadymy, şeýle hem täzeden dikeldilen göller salynýar. Täze binanyň ýagty otaglarynda çeper elli zenanlar dürli ölçegli we gülli halylaryň birbada ýüz metre golaýyny dokap başladylar.
04.08.2021
4039
Gaz bazaryndaky ýagdaý we Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň hyzmatdaşlygynyň geljegi
Nebit-gaz bazarynyň bilermenleri ýewropa söwda meýdançalarynda tebigy gazyň bahasynyň has artýandygyny belleýärler. Iýul aýynda bir müň kub metr tebigy gazyň bahasy 464 dollara ýetdi, ol 2018-nji ýylyň maýyndan bäri iň ýokary görkezijidir. Ýewropa ýurtlaryndaky yssy howa «mawy ýangyja» islegi artdyrdy.
03.08.2021
3918
BMG-niň azyk ulgamlary-2021 boýunça sammitine taýýarlyk görülýär
26 – 28-nji iýulda Rimde geçirilen Azyk ulgamlary-2021 boýunça sammitiň deslapky duşuşygy BMG-niň sentýabr aýynda Nýu-Ýorkda geçiriljek Baş Assambleýasyna gabat getiriljek iň ýokary halkara çäresine taýýarlygyň möhüm tapgyry boldy. “Oba hojalygyna maýa goýmak açlygy ýok etmegiň açarydyr” diýip, Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we Oba hojalygy guramasynyň başlygy Sýuý Dunýuý çarşenbede ýapylyş dabarasynda aýtdy. ÝUNISEF-iň we BSGG-niň ýolbaşçylary bolsa hökümetleri we karar kabul edýänleriň hemmesini täsirli çemeleşmeleri işjeň ulanmaga, şol sanda ýumurtga, süýt önümleri, miwe, gök önümler we galla ýaly ýokumly iýmitleriň bahasyny arzanlatjak nyrh syýasaty hem pul kömekleri arkaly sagdyn iýmitlenmegi goldamaga we zyýanly iýmitlere salgytlary ýokarlandyrmaga çagyrdy.
02.08.2021
5950
Web hyzmaty eksportçylar bilen tanyşdyrýar
Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan resmi taýdan hasaba alnan “Kerwenler” hususy kärhanasy eksporta dürli türkmen nagyşly örtükleri, ýüň ýorganlary, goýun ýüňünden öndürilen dürli belgili ýüplükleri hödürleýär. Mälim bolşuna görä, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda ýerleşýän bu telekeçilik kärhanasy ýokary hilli dokma önümlerini indi birnäçe ýyl bäri öndürip gelýär. Germaniýanyň “Dor-Nier” we Türkiýäniň “Honaz” şereketleriniň häzirki zaman ýokary tehnologiýaly abzallary bilen enjamlaşdyrylan bu kärhana daşary ýurtly alyja bir gezekde üç müňden ýa-da ondan-da köp haryt birliginden ybarat bolan önüm tapgyryny hödürläp bilýär.