mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ykdysadyýet

news-photo

02.08.2021

total-veiw

3953

Tamamlanan hepde söwdanyň ýokarlanýandygy bilen tapawutlandy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 9-sy hasaba alyndy.

news-photo

01.08.2021

total-veiw

3492

Harytlaryň gümrük bahasy boýunça seminar

Bütindünýä gümrük guramasy (WCO) bilen hyzmatdaşlygyň çäginde Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda wideoaragatnaşyk arkaly «Harytlaryň gümrük bahasy» atly okuw çäresi geçirildi. Bu çäräniň geçirilmegine Bütindünýä gümrük guramasynyň Baku şäherindäki mümkinçilikleri ösdürmek boýunça sebitleýin merkezi ýardam etdi.

news-photo

01.08.2021

total-veiw

5798

Amyderýa sebitinde suw-energetika hyzmatdaşlygy

Türkmenistanyň döwlet syýasatynda we diplomatiýasynda energetika hem-de suw meselesine uly ähmiýet berilýär, ýurdumyz sebitde energiýa howpsuzlygyny üpjün etmek we suw serişdelerini netijeli dolandyrmak üçin goňşy ýurtlar hem-de halkara düzümleri bilen ýakyn hyzmatdaşlyk edýär. Merkezi Aziýa Sebit ekologiýa merkeziniň (MASEM) amala aşyrýan Ýewropa Bilelşiginiň «suw-energiýa-azyk» (SEA Neksus) özara gatnaşygynyň esasynda sektorara maliýeleşdirmegi höweslendirmek boýunça Merkezi Aziýa gatnaşyklary» taslamasyna gatnaşmagy munuň anyk mysalydyr. Ol Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) hem-de Germaniýanyň Ydysady hyzmatdaşlyk we ösüş federal ministrliginiň (BMZ) maliýe taýdan goldamagynda dünýä sebitleriniň bäşisinde amala aşyrylýan ählumumy Neksus Gatnaşyklar Maksatnamasynyň bir bölegidir.

news-photo

29.07.2021

total-veiw

3447

Geljekki hasyl üçin

Daşoguz welaýatynda gallanyň täze hasylyndan tohumlyk material taýýarlanylýar. Şu güne çenli bu ýerde on üç müň tonnadan gowrak tohumlyk material ýygnaldy. Tohum üçin ýerli toprak-howa şertlerine uýgunlaşan hem-de kesellere durnukly görnüşleri saýlanyp alyndy. Bu jogapkärli çärä welaýatyň ýörüteleşdirilen punktlarynyň onusy gatnaşýarlar. Birbada 50 müň tonna galla saklamaga we arassalamaga niýetlenen S. Türkmenbaşy hem-de Boldumsaz etraplarynda 2015-nji ýylda işe girizilen täze iri elewatorlar hem bu işe gatnaşýarlar. Olaryň hersindäki ýörüte bölümde zerur berk sanitar gözegçilik astynda tohumlyk galla taýýarlamak işi doly amal edilýär. Bu ýerde awtomatik düzgünde ýörüte enjamlar bilen galla saýlanylýar, arassalanylýar we işlenilýär. Hil derejesi barlanandan soň ol polipropilen haltalara gaplanylyp, ammarlara ugradylýar. Ruhubelent etrabyndaky elewatoryň we Görogly etrabynyň döwrebap iri çörek önümleri kärhanasynyň tohumlyk mateillary taýýarlaýan bölümleri-de ýokary öndürijilikli işleýärler.

news-photo

28.07.2021

total-veiw

13983

Dokma kärhanalary mekdep eşiklerini tikýärler

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalary mekdep okuwçylary üçin egin-eşikleriň giň görnüşini tikmäge girişdiler. Adatça 1-nji awgustda açylýan mekdep bazaryna okuw eşikleriniň ähli görnüşlerini taýýarlamak göz öňünde tutulýar.

news-photo

28.07.2021

total-veiw

2699

HWG Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleriniň dikeldiş geljegine oňyn baha berdi

Halkara walýuta gaznasy (HWG) World Economic Outlook hasabatyny çap etdi, onda dünýäde we sebitlerde ykdysdyýetleriň ösüş depginleri boýunça geljege degişli çaklama berilýär. Bu barada Sputnik Täjigistan habar berýär.

news-photo

26.07.2021

total-veiw

7081

Gök we bakja ekinleriniň ýygymy gyzgalaňly dowam edýär

Ýurduň demirgazygynda gök we bakja ekinleriniň ýygymy gyzgalaňly dowam edýär. S.A. Nyýazow adyndaky etrapda gowy netijeler gazanyldy, bu ýerde häzire çenli 321 tonna düýp sogan, 884 tonna pomidor, 818 tonna käşir ýygnaldy. Hyýar ýygmak boýunça tabşyryk ýerine ýetirildi, ýakyn günlerde kelem taýýarlamak boýunça hem ýyllyk tabşyrygy amal ediler.

news-photo

25.07.2021

total-veiw

8003

Kuban şäheriniň portlaryndan türkmen garpyzlary Russiýa eltildi

Krasnodar ülkesiniň geçiriş nokatlarynyň üsti bilen Russiýa Türkmenistandan 23,2 tonna garpyz eltildi diýip, Rosselhoznadzoryň sebitara Günorta müdirliginiň metbugat gullugy habar berýär.

news-photo

25.07.2021

total-veiw

4354

«Mizemez Gadam»: taslamadan – ulanylyşa berilýänçä

Lebap welaýatynyň «Mizemez Gadam» hususy kärhanasy izolýasiýa gurluşyk serişdelerini eksport edijä öwrüldi. Kärhanada ugurdaş edaralaryň aýratyn isleg bildirýän rulon görnüşli suw geçirmeýän «izogam» üçek örtügi serişdesiniň, bitum sakgyjynyň, bitum emulsiýasynyň, gury gurluşyk laýynyň önümçiligini özleşdirdiler. Bu kärhana GDA ýurtlaryna we Owganystana ugratmak üçin dürli görnüşli bitum membranalaryny hödürleýär.

news-photo

24.07.2021

total-veiw

4759

Ýokary islegli önüm

Daşoguzyň zyýansyzlandyrylan sargy serişdeleri kärhanasynda ýarym ýylyň tabşyrygy ýerine ýetirildi. Bu ýerde hasa, gipsli we dürli çeýe sargy serişdeleri, leýkoplastyrlar, bir gezek ulanylýan hasa örtükler, damar çişmesinde ulanylýan joraplar we beýleki önümler çykarylýar. Golaýda köpçülikleýin önümçilige ornaşdyrylan bir gezek ulanylýan ekologiýa taýdan arassa spandbonddan taýýarlanylýan ýektaýlaryň we beýleki harytlaryň alyjysy ýetik.

...411