Ï HWG Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleriniň dikeldiş geljegine oňyn baha berdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

HWG Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleriniň dikeldiş geljegine oňyn baha berdi

view-icon 2522

Halkara walýuta gaznasy (HWG) World Economic Outlook hasabatyny çap etdi, onda dünýäde we sebitlerde ykdysdyýetleriň ösüş depginleri boýunça geljege degişli çaklama berilýär. Bu barada Sputnik Täjigistan habar berýär.

Hususan-da, 2021-nji ýylda dünýa ykdysadyýetiniň ösüşiniň 6% töweregi bolmagyna garaşylýar.

Ýakyn Gündogar we Merkezi Aziýa sebiti boýunça dünýä babatda çaklamadan pes bolsa-da, onuň hem ýokary bolmagyna garaşylýar. HWG-niň bilermenleriniň pikirne görä, sebitde IUÖ 2021-nji ýylda 4%, 2022-nji ýylda 3,7% bolar.

Habarda Ýakyn Gündogar we Merkezi Aziýa üçin çaklamalara Marokko we Pakistan ýaly ýurtlaryň ýokary işjeňligi sebäpli täzeden garalandygy bellenilýär.

2021-nji ýylyň 6 aýynyň netijesi boýunça Türkmenistanyň IUÖ-niň ösüş depgini 6,1 göterim boldy.