Ï Kuban şäheriniň portlaryndan türkmen garpyzlary Russiýa eltildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Kuban şäheriniň portlaryndan türkmen garpyzlary Russiýa eltildi

view-icon 4709

Krasnodar ülkesiniň geçiriş nokatlarynyň üsti bilen Russiýa Türkmenistandan 23,2 tonna garpyz eltildi diýip, Rosselhoznadzoryň sebitara Günorta müdirliginiň metbugat gullugy habar berýär.

Şu ýol bilen Müsürden we Türkiýeden hem garpyz getirildi. Krasnodar ülkesiniň geçiriş nokatlarynyň üsti bilen Russiýa jemi 11 248 tonna garpyz eltildi. Şeýle bu ýere Türkiýeden, Müsürden we Täjigistandan gawun hem eksport edildi.

«Gawunlar we garpyzlar olary iberýän döwletleriň ygtyýarly edaralarynyň beren zerur fitosanitar sertifikatlary bilen üpjün edildi, sanitar gözegçiliginden geçirilip, satuwa goýberildi» - diýlip habarda aýdylýar.

Türkmen ekerançylary ilatyň bakja önümlerine islegini doly kanagatlandyrýarlar we ter miweleri daşary ýurtlara hem iberýärler.

Türkmenistanda gadymdan gelýän bakjaçylyk ýörelgeleri ýurdumyzda bakja ekinleriniň iň gowy görnüşlerini ýetişdirmäge mümkinçilik berýär.

Mähri Ýagmyrowa