Ykdysadyýet
03.07.2024
4954
Eýranyň Ilçisi türkmen-eýran hyzmatdaşlygyň has-da berkejekdigine ynam bildirýär
Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehani Tähran bilen Aşgabadyň arasyndaky gatnaşyklary geljekde has-da berkejekdigine ynam bildirýär.
03.07.2024
4963
Türkmenistan bilen Eýran gaz pudagyndаky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirýärler
1 — 3-nji iýulda paýtagtymyzda «Türkmengaz» döwlet konserniniň ýolbaşçylarynyň Eýran Yslam Respublikasynyň wekiliýeti bilen duşuşyklary geçirildi. Olaryň dowamynda Türkmenistan bilen Eýranyň arasynda gaz pudagynda alnyp barylýan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň, hususan-da, türkmen tebigy gazyny «swap» usuly arkaly EYR-nyň çäginden üstaşyr Yrak Respublikasyna ibermegiň meselelerine garaldy.
03.07.2024
4617
Halkara söwda merkeziniň wekiliýeti Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda duşuşyk geçirdi
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň Merkezi edarasynda Halkara söwda merkeziniň bilermenleri Adelina Harunzhene we Alekseý Bondarenko hem-de bu guramanyň Türkmenistandaky wekilleri bilen duşuşyk geçirdi.
03.07.2024
5002
Gaznanyň hasabyna täze lukmançylyk enjamlary
Ýurdumyzyň ähli ýerinde bolşy ýaly Lebap welaýatynyň saglygy goraýyş edaralaryna hem Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna dünýä ülňülerine laýyk gelýän kämil lukmançylyk enjamlary yzygiderli alnyp berilýär.
02.07.2024
4370
Türkmenistanyň suwda ýüzmek boýunça ýygyndy topary Batumide okuw-türgenleşik geçýär
Türkmenistanyň suwda ýüzmek boýunça ýygyndy topary Gruziýanyň Batumi şäherindäki Gara deňziň kenarynda ýerleşýän sport bazasynda okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçýärler.
02.07.2024
4568
Daşoguz welaýatynyň kärendeçileri bugdaý ýygymy boýunça meýilnamalaryny ýerine ýetirýär
Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabyndaky «Aksaraý» daýhan birleşiginiň gallaçylary ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny üpjün etmek işine saldamly goşant goşýarlar. Olar güýzlük bugdaý taýýarlygy boýunça bellenen ýyllyk tabşyrygy ýüz otuz göterimden gowrak ýerine ýetirdiler.
01.07.2024
14621
Türkmenistan täze «Reşt-Kaspian» demir ýoly boýunça ýükleri üstaşyr geçirip başlar
Türkmenistan täze «Reşt-Kaspian» demir ýoly arkaly ýükleri üstaşyr geçirip başlar. Bu barada Eýran Yslam Respublikasynyň demir ýollarynyň baş direktory Milad Salehi aýtdy.
01.07.2024
4088
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 15 million 598 müň dollaryndan gowrak boldy
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 16-sy hasaba alyndy.
29.06.2024
5505
“Arkadag Medisina Klasteri Menejment” kärhanasyna hil ulgamynyň laýyklyk güwänamasy berildi
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen bina edilen Arkadag şäheriniň açylmagynyň bir ýyllygynyň giňden bellenilýän gününde “Arkadag Medisina Klasteri Menejment” kärhanasyna Türkmenistanyň sertifikatlaşdyryş ulgamy tarapyndan hil ulgamynyň laýyklyk güwänamasy berildi.
27.06.2024
5916
«Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň wekilleri gämi gatnawy boýunça bilermenleriň maslahatyna gatnaşdylar
«Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň işgärlerinden ybarat bolan türkmen wekiliýeti Taýland Patyşalygynyň Pattaýa şäherinde geçirilen Aziýa we Ýuwaş umman sebitinde özbaşdak gämi gatnawy pudagy boýunça bilermenler toparynyň maslahatyna gatnaşdylar.