Ï Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty halkara maslahata gatnaşmaga çagyrýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty halkara maslahata gatnaşmaga çagyrýar

view-icon 1262
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty halkara maslahata gatnaşmaga çagyrýar

28-nji noýabrda Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty «Ykdysadyýetiň durnukly ösüşi: halkara tejribe we ösüşiň geljegi uly ugurlary» atly  II halkara ylmy-amaly maslahat geçirer.

Guramaçylar halkara ylmy-amaly maslahata Türkmenistanyň hem-de daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň professorlaryny, mugallymlaryny, ylmy işgärlerini, aspirantlaryny, magistrlerini we talyplaryny çagyrýarlar.

Çäre onlaýn görnüşde türkmen, rus we iňlis dillerinde geçiriler.

Maslahat üç bölümçeden ybarat bolar: 

I bölümçe: Ykdysadyýetiň durnukly ösüşiniň geljegi uly ugurlary.

II bölümçe: Ykdysadyýetiň durnukly ösüşini üpjün etmekde maliýe gurallarynyň orny.

III bölümçe: Ykdysadyýetiň durnukly ösüşinde menejmentiň we marketingiň orny.

Maslahata gatnaşmak isleýänler 12-nji noýabra çenli tsiem.conference@gmail.com elektron salgy boýunça guramaçylyk toparyna bellige alnyş namasyny, tezislerini, synlaryny we çykyşlaryny ugratmalydyrlar.  

Gatnaşjaklaryň hersi maslahata diňe bir çykyş hödürläp biler. Iş özbaşdak ylmy häsiýete eýe bolmalydyr hem-de maslahatyň temasyna laýyk gelmelidir. 

Forumyň geçirilişi we ylmy işleri resmileşdirmegiň düzgünleri baradaky giňişleýin maglumatlar institutyň saýtynda ýerleşdirilendir, şeýle hem (+99312) 48-62-71, +99365 65 55 35 telefon belgiler we tsiem.conference@gmail.com elektron salgy boýunça alyp bolar.

Guramaçylar bu maslahatyň özara bähbitli ylmy we amaly bilimleri hem-de gymmatly akademik tejribe alyşmak üçin ajaýyp mümkinçilik döretjekdigine, şeýle hem Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna ýardam etjekdigine ynam bildirýärler.