Türkmenistanyň wekilleri 3–6-njy noýabr aralygynda Koreýa Respublikasynyň Kanwon milli uniwersiteti tarapyndan guralan Halkara bilim maslahatyna gatnaşdylar.
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň ylmy işler boýunça prorektory Selbi Batyrowa hem-de ýokary okuw mekdebiň Aşgabatdaky binýadynda hereket edýän patyşa Sejon adyndaky Koreý dili merkeziniň direktory Mylaýym Hudaýnazarowa foruma gatnaşyjylar bolup çykyş etdiler.
Maslahatyň dowamynda türkmen institutynyň prorektory mazmunly çykyş edip, ýurduň ýokary hünär derejeli mugallymlary we hünärine ökde terjimeçileri taýýarlaýan öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň biriniň alyp barýan işi barada gürrüň berdi. Ýokary okuw mekdebiň düzümi, taýýarlygyň ugurlary, talyplaryň möhüm nazary bilimleri hemmetaraplaýyn özleşdirmekleri, amaly başarnyklar, sanly tehnologiýalary ele almaklary, iň täze ylmy konsepsiýalary öwrenmekleri, öňdebaryjy barlaglar we innowasion çözgütler üçin döredilen şertler barada maglumatlar beýan edildi.
Çykyşda sanly bilimiň häzirki zaman mümkinçilikleriniň ulanylyşyna, halkara hyzmatdaşlygyň işjeň giňeldilişine, dilleri okatmagyň usulyýetiniň kämilleşdirilişine, mugallymlaryň hünär derejesiniň ýokarlandyrylyşyna, şeýle hem D.Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty bilen Kanwon milli uniwersitetiniň arasynda baglaşylan ylym we bilim ulgamynda özara düşünişmek hakynda Ähtnamany durmuşa geçirmek boýunça işleriň alnyp barlyşyna aýratyn üns berildi.
Maslahatyň çäklerinde giň gerimli sergi geçirilip, onda türkmen halyçylygynyň nusgalary, gadymy şaý-sepler we türkmen zenanlarynyň başarjaň elleri bilen döredilen hünärmentçilik önümleri görkezildi. Maslahata gatnaşyjylar sergi gymmatlyklary bilen uly gyzyklanma bildirip tanyşdylar.
Türkmen ýokary okuw mekdebiniň wekilleriniň halkara maslahata gatnaşmagy köp babatda ylym-bilim hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegine hem-de Koreýanyň uniwersiteti bilen bilelikdäki taslamalaryň amala aşyrylmagyna, şeýle hem iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna ýardam etdi.