Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymlary we talyplary 13 – 14-nji noýabrda «Moskwa energetika instituty» milli barlaglar uniwersitetinde («MEI» MBU) geçirilen «Gaýtadan dikeldilýän we kiçi energetika – 2025» atly XXII halkara ylmy-amaly maslahata onlaýn arkaly gatnaşdylar.
«MEI» MBU-nyň her ýylky bu çäresi utgaşykly görnüşde geçirilip, adatça, gaýtadan dikeldilýän energetika, energiýa üpjünçiliginiň özbaşdak ulgamlary hem-de paýlanylýan generasiýa babatda Russiýanyň we daşary ýurtlaryň öňdebaryjy hünärmenlerini bir ýere jemledi. Maslahata Russiýanyň 30-dan gowrak guramalarynyň we uniwersitetleriniň, şeýle hem Hytaýyň, Eýranyň, Özbegistanyň, Türkmenistanyň, Gyrgyzystanyň, Namibiýanyň, Wýetnamyň we Afrika ýurtlarynyň birnäçesiniň degişli bilermenleri, alymlary hem-de inženerleri gatnaşdylar.
Onda elektroenergetikanyň, energiýanyň adaty bolmadyk çeşmeleriniň we kiçi kuwwatlykly enjamlaryň mümkinçiliklerine we geljekki ösüşine garaldy.
Iki günlük maslahatyň çäklerinde 70-den gowrak çykyşlar diňlenilip, olar Gün, ýel, kiçi gidro we geotermal energetika, özbaşdak we utgaşykly işleýän energiýa toplumlaryna, energiýanyň toplanylmagyna, paýlanylan we sanly energetika, wodorod tehnologiýalaryna we pes uglerodly energetika, şeýle hem beýleki wajyp temalara bagyşlandy.
Maslahatyň dowamynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň inžener-mehanika fakultetiniň önümçiligiň awtomatizasiýasy kafedrasynyň dosenti Ahmet Penjiýew «Hazar deňziniň Gyzylsuw adasynyň tolkunly energiýasynyň serişde kuwwaty» diýen ylmy temadan mazmunly çykyş etdi.
Maslahata gatnaşyjylar çykyşlaryň temalary bilen baglanyşykly meseleleri giňişleýin ara alyp maslahatlaşdylar, ylmy we iş tejribelerini paýlaşdylar hem-de häzirki zaman energetika ösüşiniň ileri tutulýan birnäçe ugurlary boýunça pikir alyşdylar.
Maslahatda beýan edilen ylmy çykyşlar syn beriş işlerini geçenden soň, ýokary attestasiýa toparynyň sanawyna girýän «Westnik MEI», «Energetik», «S.O.K.», «Nowoýe w rossiýskoý elektroenergetike» we «Okružaýuşşaýa sreda i energowedeniýe» atly žurnallarda çap ediler.
Guramaçylaryň belleýişleri ýaly, häzirki maslahat 22 ýyllyk üstünlikli däbiň ösüşini dowam edip, gaýtadan dikeldilýän energetika babatda häzirki zaman gazanylanlary, energetika ulgamlarynyň taslamalaryny düzmegiň we olary amala aşyrmagyň usullaryny, şeýle hem Russiýada, GDA, Aziýa, Ýakyn Gündogar we Afrika ýurtlaryndaky ylmy barlaglaryň netijelerini görkezdi.