17 – 22-nji noýabr aralygynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň binýadynda bilim taslamalarynyň – daşary ýurtly rus dili mugallymlary üçin «Beýik zady öwredýärin» hem-de talyplar üçin «Beýik zady öwrenýärin» atly rus dili mekdebiniň okuw maksatnamasynyň çäklerinde okuwlar geçirilýär.
Türkmen mugallymlary we talyplary üçin bu çäre Naberežnyýe Çelny döwlet mugallymçylyk uniwersiteti tarapyndan Russiýa Federasiýasynyň Bilim ministrliginiň ýardam bermeginde «Meniň taryhym» atly ynsanperwer ylymlary goldamak baradaky gazna bilen bilelikde guraldy.
Mugallymlar we talyplar bilen okuwlary Naberežnyýe Çelny döwlet mugallymçylyk uniwersitetiniň esasy hünärmenleri – rus we tatar filologiýasy kafedrasynyň müdiri, filologiýa ylymlarynyň kandidaty, dosent Konstantin Andreýewiç Kalinin hem-de rus we tatar filologiýasy kafedrasynyň dosenti, filologiýa ylymlarynyň kandidaty Aleksandra Wiktorowna Potanina geçýärler.
Türkmen ýokary okuw mekdebiniň talyplary üçin okuwlaryň dowanynda rus dili bilimini kämilleşdirmäge we çuňlaşdyrmaga gönükdirilen açyk umumy sapaklar hem-de ussatlyk-sapaklary geçirilýär. Hünärmenler bilen geçirilýän okuwlarda talyplar rus diliniň sözleriniň gelip çykyşyny öwrenýärler we bu barada gyzykly maglumatlary bilýärler, halkyň medeniýetiniň kemala gelmeginde diliň eýeleýän ornuny işjeň maslahatlaşýarlar hem-de rus dilinde tekstleri mazmunly okamak boýunça amaly okuwlara gyzyklanma bilen gatnaşýarlar.
«Innowasion strategiýalar we rus dilini okatmagyň usulyýetleri» maksatnamasy boýunça ýokary okuw mekdebiň mugallymlary üçin okuwlar geçýär. Olar rus dilini okatmagyň usulyýetiniň wajyp meseleleri boýunça mazmunly açyk umumy sapaklara hem-de okuw maslahatlaryna gatnaşýarlar. Mugallymlar talyplaryň okaýyş sowatlylygyna degişli başarnyklary kemala getirmegiň döwrebap tehnologiýalaryna, rus dilini çuňlaşdyryp okatmak, şeýle hem okuwlara gözegçilik etmek we baha bermek baradaky meselelere garaýarlar.
Iş maksatnamasynyň çäklerinde rus ýokary okuw mekdebiniň hünärmenleri tarapyndan institutyň hünär ýokarlandyryş fakultetiniň diňleýjileri bolan Türkmenistanyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň mugallymlary üçin rus dilini hem-de edebiýatyny okatmagyň usulyýeti boýunça amaly häsiýetli okuwlaryň tapgyrlary göz öňünde tutuldy.
Türkmen ýokary okuw mekdebindäki bilim çäresi 2024-nji ýylyň oktýabrynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty bilen Naberežnyýe Çelny döwlet mugallymçylyk uniwersitetiniň arasynda ylym we bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda gol çekilen Ähtnama laýyklykda guraldy.
Bu bilim başlangyjy Türkmenistanda rus dilini okatmagy we öwrenmegi kämilleşdirmäge ýardam bermäge, şeýle hem bu ulgamda ýokary okuw mekdepleriň akademiki we ylmy-usulyýet aragatnaşyklaryny berkitmäge we mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirlendir.
Türkmen institutynyň binýadynda «Beýik zady öwredýärin» we «Beýik zady öwrenýärin» atly bilim taslamalarynyň çäklerinde okuwlaryň geçirilmegi Türkmenistanyň hem-de Russiýanyň barha berkeýän ynsanperwer gatnaşyklaryny we dostlukly hyzmatdaşlygyny görkezýän nobatdaky ähmiýetli wakadyr.