Ï «Maliýe hasabatlylygynyň halkara standartlary» boýunça II Açyk halkara internet olimpiadasyna gatnaşyjylar hasaba alynýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Maliýe hasabatlylygynyň halkara standartlary» boýunça II Açyk halkara internet olimpiadasyna gatnaşyjylar hasaba alynýar

view-icon 753
«Maliýe hasabatlylygynyň halkara standartlary» boýunça II Açyk halkara internet olimpiadasyna gatnaşyjylar hasaba alynýar

Türkmen döwlet maliýe instituty Türkmenistanyň we daşary ýurt döwletleriniň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda «Maliýe hasabatlylygynyň halkara standartlary» atly II Açyk halkara internet olimpiadasyna gatnaşyjylary kabul etmegi dowam etdirýär.

Gatnaşmak üçin arzalary 10-njy dekabra çenli gatnaşyjy talyplar baradaky maglumatlary institutyň info@tdmai.edu.tm elektron poçtasyna ugradyp tabşyrmak bolar.

Olimpiada her bir ýokary okuw mekdepden, olaryň hünärine we taýýarlyk ugruna garamazdan, 4-den köp bolmadyk talyp gatnaşyp biler.

Olimpiada 17-nji dekabrda onlaýn görnüşinde, şahsy bäsleşikler görnüşinde geçiriler. Bäsleşigiň resmi dilleri türkmen, iňlis we rus dilleridir. Çäre ýerli wagt bilen sagat 12:00-da başlanar. Gatnaşyjylara «Maliýe hasabatlylygynyň halkara standartlary» boýunça 10 sany mesele we olary çözmek üçin 120 minut wagt berler.

Olimpiadanyň eminler toparynyň düzümine Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň hem-de ylmy-bilim edaralarynyň wekilleri girer.

Gatnaşyjylaryň netijeleri toplan ballarynyň jemi boýunça kesgitleniler we institutyň resmi web sahypasynda yglan ediler, şol ýerde olimpiadany geçirmek we gatnaşmak üçin arzalary resmileşdirmek barada goşmaça maglumatlar hem ýerleşdirilendir. Habarlaşmak üçin telefon belgileri: +993 12 49 88 52, +993 65 65 12 44, +993 65 01 74 85.

«Maliýe hasabatlylygynyň halkara standartlary» boýunça Açyk halkara internet olimpiadasy zehinli ýaşlary ýüze çykarmak, talyplaryň pikirlenişini we dünýägaraýşyny ösdürmek, ders boýunça nazary bilimlerini çuňlaşdyrmak we amaly endiklerini kämilleşdirmek, degişli dolandyryş çözgütlerini özbaşdak kabul etmäge we hünär gurşawynda erkin baş çykaryp bilmäge ukyply ýaş hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen geçirilýär.

Guramaçylar gyzyklanma bildirýän ähli talyplary olimpiada gatnaşmaga çagyrýarlar we öňde duran bäsleşigiň akademiki gatnaşyklary giňeltmek, dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak hem-de türkmen we daşary ýurt ýokary okuw mekdepleriniň talyplary we mugallymlarynyň arasynda tejribe alyşmak üçin netijeli meýdança boljakdygyna ynanýarlar.