Ï Senagat galyndylardan ýasalan kükürt polimer betonyň täze häsiýetleri barada ylmy iş çap edildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Senagat galyndylardan ýasalan kükürt polimer betonyň täze häsiýetleri barada ylmy iş çap edildi

view-icon 80
Senagat galyndylardan ýasalan kükürt polimer betonyň täze häsiýetleri barada ylmy iş çap edildi

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiki parkynyň wekiliýeti 27–28-nji noýabr aralygynda Daşkentde geçirilen wibro inženerçilik boýunça 74-nji halkara maslahata gatnaşdy.

Maslahatda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiki parkynyň direktory Durdymyrat Gadamow hasabat bilen çykyş edip, senagat galyndylaryny peýdalanmaga esaslanýan gidrofob-hemada çydamly organomineral seropolimerbeton ýarym taýýar önümiň düzümini işläp taýýarlamaga we aýratynlyklaryny öwrenmäge bagyşlanan monografiýany hödürledi.

Ylmy işiň awtorlary D.Gadadow, U.Zyýamuhamedowa we M.Hudaýberdiýew tarapyndan işlenip düzülen materialyň ýokary berkligi, suwa hem-de himiki serişdeleriň täsirine garşy ýokary durnuklylygy, şeýle hem hyjuwly şertlerde ýokary ulanmak häsiýetlerini görkezýändigi bellenilýär.

Işde üýtgedilen kükürt we tehnogen gelip çykyşly mineral doldurgyçlary ulanmak bilen seropolimerbetonyň kämilleşdirilen düzümi görkezilýär. Geçirilen fiziki-mehaniki we tehniki synaglar materialyň gidrofoblygyny, korroziýa garşylygyny we çydamlylygyny üpjün edýän önümçiligiň iň amatly taraplaryny kesgitlemäge mümkinçilik berdi.

Barlaglaryň netijeleri taslamanyň amaly ähmiýetini tassyklaýar. Täze material gurluşykda we inženerçilik desgalarynda – demir ýollarynyň aýratyn böleklerinde, gidroizolýasiýa örtüklerinde hem-de çylşyrymly howa we himiki taýdan işjeň şertlerde ulanylýan gurluşlarda giňden ulanylyp bilner.

Özbegistan Respublikasynyň Daşkent döwlet ulag uniwersiteti bilen bilelikde durmuşa geçirilýän ylmy-barlag taslamasynyň çäklerinde Türkmenistanda we Özbegistanda intellektual eýeçilik obýektleriniň döwlet tarapyndan bellige alnandygy barada şahadatnamalar alyndy.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiki parky bilen Daşkent döwlet ulag uniwersitetiniň bilelikdäki ylmy-barlag işleri Özbegistan Respublikasynyň Ýokary bilim, ylym we innowasiýa ministrligi bilen baglaşylan halkara ylalaşygyna laýyklykda amala aşyrylýar.

Senagat galyndylarynyň esasynda gidrofob we himiýa täsirlerine çydamly organomineral kompozisiýa materiallaryndan rels öndürmegiň innowasion tehnologiýasy demir ýol gurluşygynda adaty beton materialyň alternatiwasy bolup durýar we ulag infrastrukturasynyň çydamlylygyny hem-de ekologiýa howpsuzlygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.