Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ilata goşmaça dynç günlerini bermek baradaky Permana gol çekdi.
Ministrler Kabinetiniň 5-nji dekabrda sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky mejlisinde döwlet Baştutany 2025-nji ýylyň 11, 12 we 13-nji dekabryny iş günleri däl diýip yglan etdi. Bu Karar baýramçylyk dabaralaryny geçirmek we raýatlaryň oňat dynç almagy üçin oňaýly şertleri döretmek maksady bilen kabul edildi.