12-nji dekabrda bellenilýän möhüm baýramçylygyň biri bolan – Halkara Bitaraplyk gününiň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow iş kesilen 231 raýatyň günäsini geçmek hakynda Permana gol çekdi.
Bu sahawatly iş 6-njy dekabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň çäklerinde geçirildi. Mejlise Hökümet agzalary, welaýatlaryň häkimleri, ýurdumyzyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň, konsullyk edaralarynyň we halkara guramalaryň ýanyndaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
Döwlet Baştutany mejlisi açyp, Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli günä geçmek çäresiniň köpden bäri dowam edip gelýän paýhasly däbe öwrülendigini nygtady. Bu çäre jenaýat edendikleri üçin iş kesilen we eden etmişlerine ökünip, ak ýürekden toba gelen raýatlara gönükdirilip, olara adaty durmuşlaryna gaýdyp gelmek mümkinçiligini berýär.
Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Raýatlyk we günä geçmek meseleleri boýunça teklipleri taýýarlamak baradaky toparyň başlygy B.Gündogdyýew iş kesilenleriň günäsini geçmek boýunça geçirilen işler barada hasabat berdi.
Hasabaty diňläp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow degişli Permana gol çekdi. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow günäsi geçilen adamlaryň tussaglykdan boşadylyp, ýakyn wagtda öz öýlerine, maşgala agzalarynyň arasyna barmaklary üçin, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Raýatlyk we günä geçmek meseleleri boýunça teklipleri taýýarlamak baradaky toparyň başlygy B.Gündogdyýewe hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary bilen bilelikde ähli zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.
Türkmenistanyň Prezidenti günäsi geçilen adamlara yhlasly zähmet çekip, Watana ak ýürekden hyzmat edip, halal zähmetiň hözirini görüp ýaşamaklaryny arzuw etdi.
Şeýlelikde, Türkmenistan ýene-de bir gezek ynsanperwerlik we rehimdarlyk ýörelgelerine ygrarlydygyny tassyklady we ýüzlerçe raýata halal zähmetiň hözirini görüp ýaşamaklary üçin mümkinçilik berdi.