Aşgabatda geçirilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna gatnaşyjylar — döwlet we hökümet Baştutanlary Türkmenistanyň Ählumumy howpsuzlyk konsepsiýasyny işläp düzmäge hem-de köpçülikleýin parahatçylyk baradaky häzirki zaman düşünjesini kemala getirmäge gönükdirilen tagallalaryna ýokary baha berdiler. Bu barada forumyň jemleri boýunça kabul edilen Aşgabat Jarnamasynda bellenildi.
«Türkmenistanyň Bitaraplyga esaslanýan Ählumumy howpsuzlyk konsepsiýasyny işläp düzmek boýunça alyp barýan işlerini makullaýarys. Bu işler ynam, özygtyýarlylyga hormat goýmak, bitaraplyk we goşulyşmazlyk ýörelgelerine esaslanýan bilelikdäki parahatçylygyň döwrebap düşünjesini kemala getirmäge gönükdirilendir we ösýän ählumumy howpsuzlyk gurluşynyň tapawutlyklaryny aradan aýyrýan, garşy durmakdan has wajyp bolan parahatçylykly ýaşamagy ileri tutýan amaly mehanizmler bilen doldurmak üçin niýetlenendir» diýlip halkara resminamada bellenilýär.
«Bitaraplygyň hemişelik we işjeň görnüşinde parhsyzlygy däl-de, eýsem, jogapkärçiligi özünde jemleýändigini, gapma-garşylyklaryň öňüni almagy, bitaraplygyň hoşniýetli hyzmatlaryň, araçylygyň we ynamy berkitmegiň üsti bilen halkara parahatçylygyň we howpsuzlygyň bähbidine ähli taraplar bilen netijeli gatnaşygy saklap, gapma-garşylyklaryň öňüni almaga yzygiderli ygrarlydygyny ykrar edýäris» diýlip resminamada nygtalýar.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Halkara Bitaraplyk gününe we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara forum 12-nji dekabrda Aşgabatda geçirildi. Oňa Ermenistanyň, Yragyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Russiýanyň, Täjigistanyň, Türkiýäniň, Özbegistanyň Prezidentleri, şeýle hem Azerbaýjanyň, Gruziýanyň, Pakistanyň premýer-ministrleri we beýleki birnäçe döwletleriň wekilleri gatnaşdylar.