Ï Halkara maslahata gatnaşyjylar Türkmenistana hoşallyklaryny bildirdiler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Halkara maslahata gatnaşyjylar Türkmenistana hoşallyklaryny bildirdiler

view-icon 257
Halkara maslahata gatnaşyjylar Türkmenistana hoşallyklaryny bildirdiler

«Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek» atly halkara maslahatyna gatnaşyjylar gender deňligi, özara düşünişmek we durnukly ösüş ideýalaryny yzygiderli öňe sürmäge goşýan goşandy üçin Türkmenistana hoşallygyny bildirdiler. Bu barada maslahatyň jemleri boýunça kabul edilen Jemleýji resminamada bellenilýär.

«Zenanlaryň häzirki zaman jemgyýetindäki ornuna bagyşlanan şu halkara maslahatyň geçirilmegi, şeýle hem gender deňligi, özara düşünişmek we durnukly ösüş boýunça garaýyşlary we gymmatlyklary ilerletmäge yzygiderli goşandy üçin Türkmenistanyň Hökümetine, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyna, BMG-niň ulgamynyň düzümlerine, ähli guramaçylara we hyzmatdaşlara çuňňur hoşallygymyzy bildirýäris» diýlip resminamada nygtalýar.

Şeýle hem resminamada maslahatyň dowamynda işlenip düzülen teklipleri we ideýalary iş ýüzünde durmuşa geçirmek üçin zenanlaryň BMG-niň, sebit guramalarynyň, köptaraplaýyn we ikitaraplaýyn başlangyçlaryň çäklerinde mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygy bellenilýär. Foruma gatnaşyjylar zenanlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmekde, olaryň durmuşyň ähli ugurlaryna gatnaşmagyny üpjün etmekde we ählumumy möçberde deňhukuklylygy gazanmakda hakyky ösüşe ýetmek üçin bilelikdäki tagallalary dowam etdirjekdiklerini nygtadylar.

Munuň bilen birlikde, Birleşen Milletler Guramasyna, onuň ýöriteleşdirilen edaralaryna we halkara maliýe institutlaryna gender deňligine ýetmek boýunça milli tagallalary goldamagy güýçlendirmek barada çagyryş beýan edildi.

«Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek» atly halkara maslahaty BMG bilen hyzmatdaşlykda 2025-nji ýylyň 10-njy dekabrynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirildi.