Täze ýylyň öňüsyrasynda Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersiteti Aşgabat we Arkadag şäherleriniň orta mekdepleriniň 12-nji synp okuwçylarynyň arasynda «Bitaraplyk – dillerimiziň senasy» diýen at bilen iňlis dili boýunça bäsleşik gurady.
Bäsleşige umumybilim berýän orta mekdepleriň, şol sanda iňlis dili çuňlaşdyrylyp öwredilýän ýöriteleşdirilen mekdepleriň 67-sinden 200-e golaý okuwçy gatnaşdy.
Bäsleşigiň dowamynda ýokary synp okuwçylar ders boýunça ýokary taýýarlyklary we bilimlerini, iňlis dilini öwrenmäge bolan hakyky gyzyklanmalaryny, zehinlerini we döredijilik ukyplaryny aýdyň görkezdiler.

Çäräniň netijeleri boýunça oňa gatnaşanlaryň iň gowulary I, II we III baýrakly orunlara mynasyp boldular. Bäsleşigiň ýeňijileri degişli derejeli diplomlar hem-de ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglandylar.

Bäsleşik bilim ulgamyndaky döwlet maksatnamalarynyň çäklerinde öňde durýan wezipeleri durmuşa geçirmäge ýardam bermek, milli ylym-bilim ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek, hemmetaraplaýyn ösen ýaşlary terbiýelemek we geljekki ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak, şeýle hem daşary ýurt dillerini okatmagy döwrebaplaşdyrmak hem-de onuň hilini halkara ölçeglerine laýyk getirmek maksady bilen geçirildi.