Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň hukuk fakultetiniň IV ýyl talyby N.Baýryýew «Iň oňat ylmy iş – 2025» atly XXIII halkara ylmy-barlaglar bäsleşiginde üstünlikli çykyş etdi. Bäsleşik Russiýa Federasiýasynyň Penza şäheriniň «Ylym we bilim» Halkara ylmy hyzmatdaşlyk merkezi tarapyndan guraldy.
Türkmen ýokary okuw mekdebiniň talyby bäsleşigiň «Hukuk ylymlary» ugrundan «Türkmenistanyň milli howpsuzlygynyň ylmy esaslary we ony üpjün etmegiň gurallary» diýen tema boýunça ylmy işi bilen tanyşdyrdy.
Bäsleşigiň netijeleri boýunça Baýryýewiň ylmy işi eminleriň ýokary bahasyny aldy hem-de talyp ýeňijiniň II derejeli Diplomyna mynasyp boldy.
Halkara ylmy-barlaglary bäsleşigine N.Baýryýew sanly ulgam arkaly uzak aralykdan gatnaşdy. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň konstitusion hukugy kafedrasynyň uly mugallymy, hukuk ylymlarynyň kandidaty O.Suhanberdiýewa onuň barlaglarynyň ylmy ýolbaşçysy bolup çykyş etdi.
Her ýyl geçirilýän halkara ylmy-barlaglary bäsleşiginiň ýeňijileri bolan awtorlaryň iň oňat işleriniň, däp boýunça, ylmy makalalaryň ýörite ýygyndylarynda neşir edilýändigini bellemek gerek. Bäsleşigiň netijeleri boýunça makalalaryň ýygyndysy bäş günüň dowamynda döredilýär we ylmy salgylanmalaryň rus indeksi bilen utgaşdyrylan Russiýanyň iri ylmy elektron kitaphanasy bolan eLibrary.ru – da açyk elýeterde ýerleşdirilýär.