Ï Türkmenistanyň talyplary «GDA-nyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşiginiň ýeňijileri
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň talyplary «GDA-nyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşiginiň ýeňijileri

view-icon 369
Türkmenistanyň talyplary «GDA-nyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşiginiň ýeňijileri

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplary Gazagystan Respublikasynyň Astana şäherinde geçirilen «GDA-nyň iň gowy talyby» atly halkara ýaşlar bäsleşiginiň ýeňijileri boldular.

Italýan dili we edebiýaty hünäriniň ikinji ýyl talyby A.Arazberdiýewa hem-de žurnalistika hünäriniň üçünji ýyl talyby D.Ýarjanow bäsleşikde uly üstünlik bilen çykyş edip, onuň jemleri boýunça ajaýyp netijeleri görkezdiler.

Eminler türkmen ýokary okuw mekdebiniň talyplarynyň okamakdaky we ylmy gazananlaryna, olaryň jemgyýetçilik işjeňligine, öňdebaryjylyk häsiýetlerine hem-de döredijilik ukyplaryna ýokary baha berdiler.

GDA ýurtlarynyň ýaşlar syýasatynyň, ylmyň, sungatyň we döredijiligiň ösüşine goşan goşantlary üçin Türkmenistanyň ýaş öňdebaryjylary I derejeli diplom, döşe dakylýan nyşan we ýeňijiniň kubogy bilen sylaglandylar.

Mundan başga-da, bäsleşikde ýeňen talyplaryň gazananlary «GDA-nyň iň gowy talyby» atly her ýylky halkara kitap ýygyndysyna girizildi. Bu hem Arkalaşygyň ýurtlarynyň ýaşlarynyň alyp barýan işleriniň we hyzmatlarynyň uly ykrarnamasydyr.

Abraýly bäsleşige mynasyp gatnaşmaklary hem-de gazanan ýeňişleri arkaly Türkmenistanyň talyplary Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň iň gowy talyplarynyň hataryna ynamly girdiler. Halkara gözden geçirilişiniň çäklerinde türkmen talyplarynyň üstünligi ýurdumyzyň ýaşlarynyň taýýarlygynyň ýokary derejedediginiň, giň dünýägaraýyşlydygynyň, uly mümkinçilige eýediginiň hem-de bäsleşige ukyplydygynyň nobatdaky subutnamasy boldy.

Türkmen uniwersitetiniň talyplary bäsleşige sanly ulgam arkaly uzak aralykdan gatnaşdylar.

Çäre «Bilim-orkenieti» milli innowasiýa-barlag merkezi tarapyndan «Žana Kazakhstan» Respublikan innowasion merkez bilen bilelikde guraldy.

Astanada geçirilen halkara bäsleşik Gazagystanyň, Russiýanyň, Belarusuň, Azerbaýjanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Gyrgyzystanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlaryny bir ýere jemledi.

Abraýly bäsleşik her ýyl geçirilip, GDA ýurtlarynyň zehinli talyplaryny ýüze çykarmak we höweslendirmek, ýaşlaryň başlangyçlaryny goldamak, talyplaryň arasynda tejribe alyşmak, ylymda, döredijilikde we jemgyýetçilik durmuşynda olaryň ösmegine itergi bermek, şeýle hem zehinli ýaşlaryň üstünliklerini bellemäge hem-de wagyz etmäge gönükdirilen «GDA-nyň iň gowy talyby» atly halkara kitap ýygyndysyny döretmek üçin netijeli meýdança bolup durýar.