Ï Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti «THE Awards Asia 2026» bäsleşiginiň iň gowularynyň biri boldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti «THE Awards Asia 2026» bäsleşiginiň iň gowularynyň biri boldy

view-icon 372
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti «THE Awards Asia 2026» bäsleşiginiň iň gowularynyň biri boldy

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti «THE Awards Asia 2026» abraýly baýragyň ýylyň ylmy-barlag taslamasy: «STEM» ugry boýunça ýeňijileriň gysga sanawyna girmek bilen, öňdäki ornuny ýene-de bir gezek berkitdi we özüniň ýokary derejesini tassyklady.

Türkmenistanyň bu ýokary okuw mekdebiniň ajaýyp üstünlikleri «Times Higher Education (THE) Awards Asia» guramasynyň halkara bilermenleri tarapyndan geçen ýyl ykrar edildi. Şonda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti «Student Recruitment Campaign of the Year» derejesinde sekiz finalçynyň biri boldy.

Bu ýyl uniwersitet düýpli we amaly ylmy barlaglar pudagynda, şeýle hem ylmy, tehniki, inženerçilik we matematika ugurlary boýunça integrasiýa we toplumlaýyn öwrenişe esaslanýan «STEM» bilimi ugurlarynda halkara derejesinde ykrar edilmegi gazanmak bilen, hil taýdan täze bir öňe gidişlik etdi.

Bilermenler bu ýokary okuw mekdebiň ylmy barlaglarynyň amaly ähmiýetine ýokary baha berdiler, bu bolsa inženerçilik we ýokary tehnologiýalar babatynda öňdebaryjy barlaglaryň ösdürilendigine, ýaş alymlar üçin özboluşly ekologiki ulgamyň döredilendigine we türkmen ylmynyň abraýynyň halkara derejesinde barha artýandygyna şaýatlyk edýär.

«STEM» derejesinde iň gowy 8-lige girmegi Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň diňe bir zehinli ýaşlary özüne çekiji merkez däl-de, eýsem, kuwwatly ylmy-barlag binýada eýedigini nygtaýar. Bu üstünlik türkmen ýokary okuw mekdebini Ýaponiýanyň, Günorta Koreýanyň, Singapuryň we Gonkongyň öňdebaryjy tehnologik uniwersitetleri bilen bir hatarda goýýar.

Bu ýyl «Ýokary bilimiň Oskary» diýlip tanalýan «THE Awards Asia» baýragy üçin bäsleşik has güýçli boldy: Aziýanyň ýüzlerçe öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleri özüne «Iň gowy» diýdirmek üçin bäsleşdi. Guramaçylara uniwersitetleriň işiniň ähli görnüşlerini öz içine alýan 10 dereje boýunça 500-den gowrak arza geldi. Ahyrsoňy, 17 ýurtdan 80 finalçy (her derejede 8) saýlanyp alyndy.

Bu ýylky baýrak eýeleri 22-nji aprelde Gonkongyň Ylym we tehnologiýa uniwersiteti bilen hyzmatdaşlykda geçirilýän Aziýa uniwersitetleriniň Gonkongda geçiriljek sammitiniň ilkinji gününde dabaraly yglan ediler.