Ï Türkmen mugallymy Ýaponiýada «MIRAI» maksatnamasy boýunça maslahata gatnaşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen mugallymy Ýaponiýada «MIRAI» maksatnamasy boýunça maslahata gatnaşdy

view-icon 143
Türkmen mugallymy Ýaponiýada «MIRAI» maksatnamasy boýunça maslahata gatnaşdy

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň mugallymy Döwletmyrat Berdiýew 14 – 19-njy ýanwar aralygynda ýapon hökümetiniň Merkezi Aziýa we Kawkaz ýurtlary üçin «MIRAI» maksatnamasynyň çäginde guran «Kanun hökmürowanlygy» atly maslahatyna gatnaşdy.

Bu halkara maslahat Ýaponiýanyň öňdebaryjy uniwersitetleriniň biri bolan Tokiodaky Keýo uniwersitetiniň professorlarynyň ýolbaşçylygy astynda geçdi. Çäräniň maksady häzirki zaman jemgyýetinde kanun hökmürowanlygynyň ornuny çuňňur öwrenmek we ýurtlaryň arasynda tejribe alyş-çalşygyny ösdürmekdir.

Maslahat kanun we hukuk hökmürowanlygyny, hukuk ulgamyny we bu ugurda iň gowy halkara tejribeleri döwrebaplaşdyrylmagy öwrenmegi öz içine alýar. Maslahatyň çäginde okuwlar, maslahatlar we çekişmeler geçirildi.

Okuwyň barşynda hukuk medeniýetini ösdürmegiň döwrebap usullary boýunça sapaklar geçirildi, diňleýjiler bu sapaklar netijesinde gymmatly bilim we tejribe aldylar. Maslahata gatnaşanlar Keýo uniwersitetiniň muzeýine baryp gördüler, ol ýerde mugallymlara Ýaponiýanyň bilim ulgamynyň ösüşi, uniwersitetiň döredilişi we onuň ylmy hem medeni mirasy barada taryhy maglumatlar berildi. Bu gezelenç maslahata gatnaşýanlaryň diňe bir dünýägaraýşyny giňeltmek bilen çäklenmän, eýsem bilim bilen medeniýetiň arasyndaky baglanyşygy has aýdyň görkezdi.

«MIRAI» taslamasy Merkezi Aziýada we Kawkazda ýaş hünärmenleriň we talyplaryň arasynda hukuk hem bilim ulgamlarynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek, hünär başarnyklaryny ýokarlandyrmak, medeni taýdan baýlaşmak we özara düşünişmek üçin niýetlenen gysga möhletli maksatnamadyr.