Ï Türkmenistan 2026-njy ýylyň mart aýynda halkara talyp olimpiadalarynyň merkezine öwrüler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan 2026-njy ýylyň mart aýynda halkara talyp olimpiadalarynyň merkezine öwrüler

view-icon 359
Türkmenistan 2026-njy ýylyň mart aýynda halkara talyp olimpiadalarynyň merkezine öwrüler

Sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň binýadynda iri halkara intellektual bäsleşikleriniň geçirilmegini goldady.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde halkara olimpiadalaryna taýýarlyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Şeýlelikde, şu ýylyň mart aýynda Türkmenistan üç sany abraýly, ylmy taýdan çuňlaşdyrylan halkara olimpiadanyň gatnaşyjylaryny kabul eder.

Nygtalyşy ýaly, şu ýylyň mart aýynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda materiallaryň garşylygy dersinden V Açyk halkara internet olimpiadasyny, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde VI Açyk halkara matematika olimpiadasyny, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda nazary mehanika dersinden V Açyk halkara internet olimpiadasyny geçirmek meýilleşdirilýär.

Bu bäsleşiklere diňe bir Türkmenistanyň iň gowy talyplary we professor-mugallymlary däl, eýsem, dünýäniň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri hem gatnaşar. B.Orazdurdyýewanyň belleýşi ýaly, bu çäreler ýaş zehinleri ýüze çykarmaga we goldamaga, halkara ylmy hyzmatdaşlygy berkitmäge, şeýle-de tejribe alyşmaga hem-de bilim usullaryny kämilleşdirmäge gönükdirilendir.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hödürlenen teklipleri makullap, milli bilim ulgamyny dünýä ylmy jemgyýetine goşmak üçin şeýle forumlaryň möhümdigini nygtady hem-de olary ýokary derejede guramak boýunça degişli tabşyryklary berdi.