Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty Türkmenistanyň hem-de daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryny nazary mehanika dersi boýunça V Açyk halkara internet-olimpiadasyna çagyrýar.
Olimpiada 24 – 28-nji mart aralygynda şahsy we toparlaýyn bäsleşikler görnüşinde geçiriler. Gatnaşjaklary hasaba almak 15-nji marta çenli dowam eder.
Olimpiada talyplaryň ýokary okuw mekdeplerde näçenji ýylda okaýandygyna we hünärine garamazdan olaryň gyzyklanma bildirýänleriniň ählisi üçin açykdyr. Şahsy tapgyrda her ýokary okuw mekdepden 10 talyba çenli gatnaşyp bilýär. Toparlaýyn görnüşde bir ýa-da birnäçe ýokary okuw mekdeplerden talyplaryň 5-den köp bolmadyk möçberinde düzülen 1 ýa-da 2 toparlaryň gatnaşmagyna rugsat berilýär.
Halkara olimpiada türkmen, rus we iňlis dillerinde geçiriler.
Bäsleşigiň şahsy görnüşine gatnaşjaklar üçin nazary mehanikanyň bölümleri boýunça 8 ýumuş taýýarlanyldy. Statika we kinematika bölümleriniň hersine iki hem-de dinamika bölümine 4 ýumuş degişlidir. Ýumuşlary çözmäge 240 minut wagt berler.
Nazary mehanikanyň bu bölümleri boýunça toparlaýyn bäsleşige gatnaşyjylara 60 minudyň dowamynda çözmek üçin 5 ýumuş berler.
Şahsy we toparlaýyn bäsleşigiň ýumuşlary olimpiadanyň geçirilýän günlerinde bellenilen tertibe laýyklykda institutyň saýtynda ýörite bölümde ýerleşdiriler.
Bäsleşik baradaky goşmaça maglumatlar institutyň saýtynda, şeýle hem +800 522 5-75-02, +993 64681023, +993 64207444 telefon belgiler hem-de tdei@tdei.edu.tm, energetikatdei@gmail.com elektron salgy boýunça elýeterlidir.
Ýaş zehinleri ýüze çykarmak we goldamak, halkara ylmy hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, şeýle hem tejribe alyşmak hem-de bilim usulyýetlerini kämilleşdirmek olimpiadanyň baş maksatlarynyň hataryndadyr.
Geçiriljek olimpiada ýurduň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň binýadynda mart aýynda geçirilmegi meýilleşdirilen iri halkara intellektual bäsleşikleriň biri bolar.
Bäsleşige Türkmenistanyň hem-de daşary ýurtlaryň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň zehinli talyp ýaşlary, professor-mugallymlar düzümleri gatnaşarlar.
Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty tarapyndan her ýyl geçirilýän nazary mehanika dersi boýunça Açyk halkara internet-olimpiadasy talyplaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak we bilim alyşmak, döredijilik we ylmy işjeňligi höweslendirmek, sanly ulgam boýunça sowatlylygy, ýaşlaryň özbaşdak işlemek başarnyklaryny ösdürmek, şeýle hem ýokary okuw mekdepleriň professorlarynyň, mugallymlarynyň we talyplarynyň gatnaşmagynda bilelikdäki ylmy maslahatlary guramak üçin netijeli meýdançadyr.
Geçen ýyl halkara bäsleşik Türkmenistanyň 22 ýokary okuw mekdebinden 700-den gowrak we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň 17-sinden 85 sany zehinli talyplary bir ýere jemledi.