26-njy ýanwarda Dohanyň Ylymlar we tehnologiýalar uniwersitetiniň (Katar) rektory Salem Nasser Al Nuaýminiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Türkmenistana iş saparynyň çäklerinde ylym-bilim hyzmatdaşlygyny ösdürmek maksady bilen Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutyna bardylar.
Duşuşygyň çäklerinde Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty bilen Kataryň Doha Ylymlar we tehnologiýalar uniwersitetiniň arasynda ylmy-akademiki hyzmatdaşlyk boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekmek dabarasy geçirildi.

Resminama gol çekilmegi ylym we bilim babatda türkmen we katar ýokary okuw mekdepleriniň gatnaşyklarynyň ösüşini hil taýdan täze drejede üpjün etmäge gönükdirilendir.
Ikitaraplaýyn çäräniň dowamynda Dohanyň Ylymlar we tehnologiýalar uniwersitetiniň rektory Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymlary we talyplary üçin umumy sapak geçdi. Kataryň ýokary okuw mekdebiniň ýolbaşçysy uniwersitetde alnyp barylýan akademiki we ylmy işler barada giňişleýin gürrüň berip, türkmen ýokary okuw mekdebiniň professorlary, mugallymlary hem-de talyplary bilen söhbetdeş boldy we olary gyzyklandyrýan sowallara jogap berdi.

Katarly myhmanlar institutda ýaýbaňlandyrylan sergä baryp görüp, ýokary okuw mekdebiň mugallymlary we talyplary tarapyndan taýýarlanylan ylmy taslamalar hem-de programma üpjünçiligine degişli işläp taýýarlamalar bilen tanyşdylar. Şeýle hem wekiliýetiň agzalary üçin institutyň muzeýine gezelenç guralyp, ol myhmanlary türkmen ýokary okuw mekdebiniň taryhy bilen tanyşdyrdy.
27-nji ýanwarda Doha Ylymlar we tehnologiýalar uniwersitetiniň wekiliýeti Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde boldy.
Türkmen we Katar ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri ylym we bilim ulgamynda netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmak maksady bilen ikitaraplaýyn geňeşmeleri geçirdiler.

Duşuşygyň dowamynda hünärmenleri dünýä standartlaryna laýyklykda taýýarlamagyň esasy ugurlaryna üns berildi. Myhmanlar uniwersitetde alnyp barylýan ylmy-barlag işler bilen tanyşdyryldy. Katar tarapy emeli aň, kibersport, robottehnikasy we elektronika ugurlary boýunça hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine aýratyn gyzyklanma bildirdi.
Duşuşyga gatnaşyjylar Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti bilen dünýäniň öňdebaryjy uniwersitetleriniň hem-de ýurtlarynyň iri kompaniýalarynyň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda hereket edýän Ylalaşyklaryň iş ýüzünäki ähmiýetini nygtadylar.
Şunuň bilen baglylykda, taraplar özara düşünişmek hakynda Ähtnama, şeýle hem talyplary alyşmak boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekmegiň mümkinçiliklerini maslahatlaşdylar.
Şeýle hem Türkmenistana iş saparynyň çäklerinde Dohanyň Ylymlar we tehnologiýalar uniwersitetiniň rektory Salem Nasser Al Nuaýminiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Türkmenistanyň bilim ministri J.Gurbangeldiýew bilen duşuşygy geçirildi. Onda ylym we bilim ulgamynda bilelikde hyzmatdaşlyk etmegiň mümkinçiliklerine, ileri tutulýan ugurlaryna we meýilnamalaryna garaldy.
Duşuşyk taraplaryň Türkmenistanyň we Kataryň arasynda ylmy we akademiki aragatnaşyklaryň has-da pugtalandyrylmagyna ymtylýandygyny hem-de özara gyzyklanýandygyny tassyklady.