Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň wekilleri – koreý dili mugallymy A.Seýitberdiýewa hem-de «Mugallymçylyk bilimi» (koreý dili, türkmen dili we edebiýaty) taýýarlyk ugrunyň talyplary «Feel Korea with KNU» atly koreý dili we medeniýeti boýunça gysga möhletli bilim maksatnamasyna gatnaşýarlar.
Okuw 19-njy ýanwardan 2-nji fewral aralygynda Koreýa Respublikasynyň Seul we Çhunçhon şäherlerinde Kanwon milli uniwersiteti tarapyndan geçirilýär.
Okuwlaryň dowamynda oňa gatnaşyjylar gündeki durmuşda gepleşmek babatda ýazuw sözleýşini hem-de gatnaşyk alyp barmak başarnyklaryny kämilleşdirmäge we ösdürmäge gönükdirilen koreý dili boýunça amaly okuwlary geçýärler.
Talyplar medeni maksatnamanyň çäklerinde Seulyň we Çhunçhonyň milli muzeýlerine baryp görüp, şäherleriň taryhy hem-de medeni mirasy, şeýle hem tebigy gözellikleri bilen tanyşdylar.
Okuw maksatnamasy öz ene dilinde gepleýän halkyň arasynda bolmak şertlerinde talyplaryň nazary bilimleriniň hem-de amaly başarnyklarynyň ösmegini üpjün edip, koreý dilini tiz we netijeli öwrenmek üçin aýratyn ähmiýete eýedir.
Daşary ýurt diline erk etmek başarnyklarynyň ýokarlandyrylmagyna köp babatda koreý halkynyň milli däp-dessurlary, medeni gymmatlyklary we durmuşy bilen gönüden-göni tanyşmak hem ýardam edýär. Şeýle hem munuň özi talyplaryň dünýägaraýşyny giňeldýär, olaryň halkara hyzmatdaşlygyna gyzyklanmasyny artdyrýar hem-de geljekki dilçileriň hünär taýdan kemala gelmegine ýardam edýär.
Türkmen ýokary okuw mekdebiniň wekilleriniň okuw maksatly sapary Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty bilen Kanwon milli uniwersitetiniň arasynda ylym we bilim babatda hyzmatdaşlyk etmek meseleleri boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň çäklerinde guraldy.