Ï Guşlar dünýäsi – Hazaryň türkmen kenarynyň bezegi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Guşlar dünýäsi – Hazaryň türkmen kenarynyň bezegi

view-icon 314
Guşlar dünýäsi – Hazaryň türkmen kenarynyň bezegi
Guşlar dünýäsi – Hazaryň türkmen kenarynyň bezegi
Guşlar dünýäsi – Hazaryň türkmen kenarynyň bezegi
Guşlar dünýäsi – Hazaryň türkmen kenarynyň bezegi
Guşlar dünýäsi – Hazaryň türkmen kenarynyň bezegi
Guşlar dünýäsi – Hazaryň türkmen kenarynyň bezegi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe barha pajarlap ösýän gül Watanymyzyň goýnunda Diýarymyzyň her bir sebitiniň özüne mahsus tebigy aýratynlyklary, biri-birinden tapawutlylykda gaýtalanmaýan gözellikleri bar. Ýurdumyzyň Günbatar sebitini jähekläp oturan Balkan welaýatynyň görenleri haýran galdyrýan tebigy gözellikleridir täsinlikleri, gojaman Hazar deňziniň günorta- gündogar bölegindäki suw-batgalyk ýerleri şeýle özboluşly künjekleriň biridir.

Hazar döwlet tebigy goraghanasynyň agzybir, tejribeli hünärmenleri hem mukaddes ýurt Garaşsyzlygymyň şöhratly 35 ýyllyk taryhy senesiniň uludan toýlanyljak «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan ̶ bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda sebitiň tebigatyny goramak, Hazar deňziniň suw-batgalyk ýerlerini, ösümlik we haýwanat dünýäsini baýlaşdyrmak, geljekki nesillere ýetirmek, ylmy taýdan öwrenmek ýaly belent maksatlara beslenen işleri oňyn durmuşa geçirýärler. Bu ugurda goraghananyň işgärleri türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döredip berýän döwrebap şertleridir mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanýarlar.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherindäki Hazar döwlet tebigy goraghanasyna degişli çäklerde guşlaryň ýüzlerçe görnüşi gyşlaýar. Bütin dünýäde meşhur ornitologik merkez hökmünde tanalýan bu uly goraghananyň çäklerinde suwda ýüzýän dürli guşlaryň 300-den gowrak görnüşi hardyr. Olaryň ýaşaýan ýerleri halkara ähmiýetli konwensiýanyň (Ramsar konwensiýasy) kabul edilen taryhy ähmiýetli senesi bilen baglylykda dünýä ýurtlarynda her ýylyň 2-nji fewralynda suw-batgalyk ýerleriň Bütindünýä güni hökmünde giňden bellenip geçilýär.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiz hem Ramsar konwensiýasyna 2008-nji ýylda goşulypdy. Ýeri gelende aýtsak, Hazar deňziniň türkmen böleginiň suwda ýüzýän guşlarynyň ýaşaýan suw-batgalyk ýerleri halkara ähmiýetli esasy künjekleriň hataryna girýär. Guşlaryň demirgazyk ýurtlardan uçup gelýän ýollary olaryň üstünden düşýär. Şeýlelikde, Hazar deňziniň kenarýakasy olara gyşlamak üçin amatlydyr. Hünärmenleriň gürrüň bermeklerine görä, bu ýerde Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen guşlaryň 70 göterimden gowragy duş gelýär.

Hazaryň täsinliklere baý türkmen kenaryna irki wagtlarda uçup gelýän guşlar hem biraz dynç almak bilen, güýç-kuwwatyna gelensoňlar, günorta ýurtlara tarap ýollaryny dowam etdirýärler. Giç gelýän guşlar bolsa gyşlamaga galýarlar. Gyşlamak möwsümi noýabr aýyndan fewrala çenli dowam edýär. Olar her ýylyň ençeme aýlaryny Hazaryň türkmen kenarynda geçirýärler. Goraghananyň düzümindäki Ogurjaly adasynyň ýyly, ýumşak klimaty, galyberse-de iýmit bolçulygy guşlaryň dürli görnüşleriniň, ylaýta-da, balykçy guşlar bolan çarlaklardyr çärikleriň, uly jüptünleriň bu ýerlere süri-süri bolup gelmeklerine sebäp bolýar.

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan ̶ bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda-da Hazar deňzinde gyşlaýan guşlar köp. Ýüzlerçe görnüşli guşlaryň arasynda gülgüne öwüşginleri bilen tapawutlanýan gyzyl gazlaryň köp bolmagy diýseň guwandyrýar. Ýurdumyzyň Gyzyl kitabyna girizilen gyzyl gazlar Hazar döwlet tebigy goraghanasynyň hem nyşany hasaplanýar. Bellenilişi ýaly, 1971-nji ýyldan bäri ýöredilip gelinýän resmi maglumat çeşmeleri kenarýaka sebitlerinde bolup geçýän tebigy üýtgeşmelere garamazdan, Hazar deňiziniň ýakasy guşlaryň köpçülikleýin ýaşaýan ýerine öwrülipdir. Şeýle-de Hazaryň türkmen böleginde geçirilen guş ýazuwynyň netijeleri boýunça gyzyl gazlaryň rekord netijesi hasaba alynypdyr.

Mundan başga-da, Hazar deňziniň ýaramly, ekologik taýdan arassa gurşawy ösümlikleriň dürli görnüşine, iýmit gorlaryna baýdygy guşlara gyşlamak üçin ygtybarly şertleri döredýär. Ördek, çarlak, çärik, çuluk, jüptün, sakarbarak, gyzylinjik, guw ýaly dürli-dürli guşlaryň aňyrsy gözýetmez giňişlige utgaşyp gidýän gelşikli, görnükli hatarlaram deňze özboluşly öwüşgin çaýýar. Tebigy taýdan owadan, şeýle sazlaşykly görnüşler Hazaryň türkmen kenarynyň biodürlüliginiň hasam artýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär.