Ï Türkmenistan Halkara hukugyň ýylyna taýýarlyga başlaýar: giň gerimli hereketler meýilnamasy tassyklanyldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan Halkara hukugyň ýylyna taýýarlyga başlaýar: giň gerimli hereketler meýilnamasy tassyklanyldy

view-icon 350
Türkmenistan Halkara hukugyň ýylyna taýýarlyga başlaýar: giň gerimli hereketler meýilnamasy tassyklanyldy

Sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 2028-nji ýylda geçirilmegi meýilleşdirilýän Halkara hukugyň ýylyna taýýarlyk görmek boýunça çäreleriň meýilnamasyny tassyklady. Döwlet Baştutanymyz tarapyndan ozal BMG-da teklip edilen bu başlangyç dünýäde parahatçylygyň we howpsuzlygyň hukuk binýadyny berkitmäge gönükdirilendir.

Bu möhüm we giň gerimli wezipäniň durmuşa geçirilmeginde Türkmenistanyň esasy hyzmatdaşlarynyň biri bolup BMG-niň Sekretariatynyň Hukuk meseleleri boýunça müdirligi çykyş eder. Tassyklanan meýilnamanyň çäginde birnäçe strategik ädimler kesgitlendi.

Şolaryň hatarynda 2028-nji ýyly «Halkara hukugyň ýyly» diýip yglan etmek baradaky Kararnamanyň taslamasyny BMG-niň Baş Assambleýasynyň garamagyna hödürlemek, ýurduň dünýä derejesindäki özboluşly ornuny görkezjek «Halkara hukuk we Türkmenistanyň Bitaraplygy» atly Milli konsepsiýany taýýarlamak, ýurduň içinde hem-de halkara derejesinde forumlary, ylmy-amaly maslahatlary we brifingleri guramak bar.

Meýilnamada «hukuk diplomatiýasyna» hem-de ösüp gelýän nesliň hukuk sowatlylygyny ýokarlandyrmaga aýratyn üns berler. Hususan-da, dünýä derejesindäki bilermenleriň gatnaşmagynda mekdeplerde we ýokary okuw jaýlarynda halkara hukugy boýunça ýöriteleşdirilen okuw sapaklary geçiriler. Bu ugurda geljegi uly hünärmenleri ýüze çykarmak üçin ýaşlaryň arasynda ylmy işler we düzme ýazmak boýunça bäsleşikler guralar, şeýle hem Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň web sahypasynda ýöriteleşdirilen maglumat bölümi dörediler.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow bu toplumlaýyn çäreleriň halkara hukuk esaslaryny, parahatçylygy we hyzmatdaşlygy berkitmekdäki ähmiýetini nygtap, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowa degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.